Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 19:5 - Mukaddes Kitap

5 Rebbe salamatlyk gurbanlygyny hödür edeniňizde, gurbanlygyňyzyň kabul bolary ýaly, ony kada laýyklykda beriň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Реббе саламатлык гурбанлыгыны хөдүр эдениңизде, гурбанлыгыңызың кабул болары ялы, оны када лайыклыкда бериң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 19:5
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hizkiýa ruhanylardyr lewileriň hersini topar-topar edip, hyzmatyna görä toparlara böldi. Ruhanylar hem lewiler ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny bermek we Rebbiň düşelgesiniň derwezelerinde alkyş hem öwgi aýdyp hyzmat etmekleri üçin bellendi.


Soňra Musa Rebbe ýakma gurbanlyklary we öküzler soýup, salamatlyk gurbanlyklary bermäge ysraýyllaryň ýaş ýigitlerini ugratdy.


Hökümdar meýletin sadaka, ýagny ýakma ýa-da salamatlyk gurbanlyklary hökmünde Rebbe meýletin sadaka hödür edende, oňa gündogara tarap bakýan derweze açylmalydyr. Ol özüniň ýakma ýa-da salamatlyk gurbanlygyny edil Sabat güni edişi ýaly hödürlär. Onsoň daşary çykar we çykanyndan soň derweze ýapylar.


Hökümdar daşardan derweze eýwanynyň üsti bilen içerik girip, gapynyň söýesiniň ýanynda durar. Onuň ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny ruhanylar hödür ederler; ol bosagada sežde edenden soň, daşary çykar, ýöne derweze agşama çenli açyk bolar


Siz gara maly ýakma gurbanlyk berseňiz, malyňyz şikessiz öküzçe bolsun. Rebbiň bu gurbanlygy siziň adyňyzdan kabul ederi ýaly, siz bu ýakma gurbanlygyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getiriň.


Guýma butlary we başga hili butlary ýasap, olara sežde etmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Gurbanlyk malynyň eti hödür edilen güni ýa-da ertesi iýilsin. Üçünji güne galan et oda ýakylsyn.


Eger kimde-kim aýdylan ýa-da meýletin sadaka hökmünde gara mallardan ýa-da dowarlardan Rebbe salamatlyk gurbanlygyny bermekçi bolsa, onuň kabul bolary ýaly, ol gurat, şikessiz mal bolsun.


Göwresinde artyklygy ýa kemisi bolan öküzçäni ýa guzyny meýletin sadaka hökmünde hödürläp bilersiňiz, ýöne ol aýdylan sadakanyň ýerine kabul bolmaz.


Eger Rebbe şükür sadakasyny hödür etseňiz, ony kabul bolar ýaly edip beriň.


Eger hödür edýän sadakaňyz aýdylan ýa-da meýletin sadaka bolsa, onda ol hödür edilen güni iýilsin. Ondan artyp galany ertesi gün iýilsin.


Eger salamatlyk gurbanlygynyň etinden üçülenji gün iýilse, onda ol kabul bolmaz we ony hödür eden üçin hasaba alynmaz. Ol nejisdir, ondan iýen jezany çekmeli.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ