35 Siz uzynlyk ölçäniňizde, çekimde ýa-da sanagda hiç kimi aldamaň.
35 Сиз узынлык өлчәниңизде, чекимде я-да санагда хич кими алдамаң.
hödür çöregine, gurbanlyklar üçin berlen saýlama una, petir kökelere, bişirilen sadakalara, zeýtun ýagyna garylan sadaka, ybadathana ölçegine we möçberine seretmek.
Rebbiň ýigreneni galp terezidir, dogry ölçegden bolsa göwni hoş bolýandyr.
Dogry terezi we gapan Rebbiňkidir, torba içindäki ähli çekim daşlary Onuň işidir.
Iki dürli terezi daşynyň, iki dürli ölçegiň ikisi hem Rebbe ýigrenjidir.
Tereziňiz dogry bolsun, dogry agyrlyk daşyny we ölçeg küýzesini ulanyň.
Höküm çykaranyňda adalatsyzlyk etme. Garybyň tarapyny tutup ýa-da baýdan heder edip, adalatsyzlyk etme, ildeşiňe hemişe adalatly höküm çykar.
Rebbiň aýdýan sözüne gulak asyň! Turuň, dawaňyzy daglaryň öňünde beýan ediň, Baýyrlar-da sesiňizi eşitsin!
Torbaňyzda iki dürli: biri agyr, biri ýeňil terezi daşy bolmasyn.
Siziň diňe doly we dogry terezi daşyňyz, şeýle hem, hakyky ölçegiňiz bolsun. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size berjek ýerinde ömrüňiz uzak bolar.