Rahel kakasyna: «Kaka, seniň ýanyňda ýerimden turmaýanlygym üçin meni bagyşla, çünki häzir men görüm görýärin» diýdi. Laban hernäçe agtarsa-da, butlardan derek tapyp bilmedi.
Şeýlelikde, Batşeba Adonyýanyň adyndan gepleşmek üçin Süleýman patyşanyň ýanyna gitdi. Patyşa ony garşy almaga ýerinden galyp, tagzym edip, tagtynda oturdy. Patyşanyň ejesi üçin hem bir tagt getirip goýdular, ol patyşanyň sag tarapynda oturdy.