Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 19:31 - Mukaddes Kitap

31 Jadygöýlere we palçylara ýüz tutmaň. Olardan maslahat sorap, özüňizi haram etmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Җадыгөйлере ве палчылара йүз тутмаң. Олардан маслахат сорап, өзүңизи харам этмәң. Худайыңыз Реб Мендирин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 19:31
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar ogullaryny we gyzlaryny otdan geçirdiler, palçylyk we jadygöýlik bilen meşgullandylar. Olar Rebbiň nazarynda ýigrenji işlere baş urup, Onuň gaharyny getirdiler.


Manaşa ogluny otdan geçirdi, gözbagçylyk we täleýe garamaklyk bilen meşgullandy. Ol palçylyk, jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.


Şeýle hem Ýoşyýa Hilkiýa ruhanynyň Rebbiň öýünden tapan kitabynda ýazylan kanunda aýdylan zatlary berjaý etmek üçin, Ýahudada, Iýerusalimde edilýän ähli nejis işleriň, ähli öý butlarynyň, beýleki butlaryň, palçylaryň, jadygöýleriň barynyň soňuna çykdy.


Şeýdip, Şawul Hudaýa biwepalyk edendigi üçin öldi. Ol Rebbiň buýrugyny berjaý etmänliginden ötri, jadygöýden maslahat sorapdy.


Manaşa ogluny Benhinnom deresinde otdan geçirdi, gözbagçylyk, täleýe garamaklyk we jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol palçylyk, porhanlar bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.


Jadygöýlik bilen meşgullanýan her bir aýaly öldüriň.


Sen peseldilip, ýeriň astyndan geplärsiň, sözleriň toprak içinden geler; sesiň jynyň sesi dek ýerden çykar, topragyň teýinden pyşyrdap eşidiler sözleriň.


Maslahatçylaryň köplüginden ýaňa ýadadyň. Goý, müneçjimler, her aý üçin täleýnama düzýänler, ör tursunlar-da, başyňa geljek zatlardan seni gutarsynlar indi.


Halk size şeýle diýse: «Pyşyrdaýan we samyrdaýan ruh çagyrýanlara we jadygöýlere ýüz tutuň; halk öwüt-nesihat üçin öz hudaýlaryna, dirileriň adyndan ölülere ýüz tutmaly dälmi näme?» Şeýle diýýänler daň şapagyny görmezler!


Hiç bir eti gany bilen iýmäň. Siz pal atmaň, jadygöýlik etmäň.


Her biriňiz öz ene-ataňyzy sylaň, Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetiriň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Jadygöý, palçy bolan erkegu-aýal daşlanyp öldürilsin. Olaryň gany öz boýunlarynadyr“».


Onuň jadygöýligi köpden bäri hemmäni haýrana goýýardy, şonuň üçin ony dykgat bilen diňlärdiler.


butparazlyk we doga-jadygöýlikdir; ýigrenç, agzalalyk, göriplik, gahar, bäsdeşlik, jedel, bölünişik


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


Şamuwel ölüpdi we bütin ysraýyl halky onuň ýasyny tutupdy. Ony Ramada – öz galasynda jaýladylar. Şawul bolsa porhanlardyr jadygöýleri çykaryp kowupdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ