Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 19:30 - Mukaddes Kitap

30 Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirip, mukaddes öýüme hormat goýuň. Men Rebdirin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Сабат гүнүмиң канунларыны ерине етирип, мукаддес өйүме хормат гоюң. Мен Ребдирин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 19:30
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Manaşa ýasan oýma Aşera butuny Hudaýyň öýünde goýdy. Bu öý Hudaýyň Dawuda we onuň ogly Süleýmana: «Maňa şu öýde we bütin Ysraýyl tirelerinden seçip alan şäherim Iýerusalimde ybadat ediler.


Ähli ruhany baştutanlary bilen halk birlikde milletleriň ähli ýigrenji işlerine eýerdiler, biwepalyk çakdanaşa artdy. Olar Rebbiň Iýerusalimde mukaddes eden öýüni murdar etdiler.


Seniň gaharyňdan ýaňa biz ýok bolýarys, gazabyňdan ýaňa dowla düşýäris.


Mukaddes Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetir.


Hiç haçan alňasaklyk bilen gepleme, Hudaýyň huzurynda ýürek sözüni aýtmaga howlukma; çünki Hudaý gökdedir, sen ýerdesiň. Şonuň üçin az sözle.


Gojalary, ýigitleri, boý gyzlary, çagalar bilen aýallary öldüriň, emma maňlaýynda bellik bolanlara golaýlaşmaň. Meniň mukaddes öýümden başlaň» diýdi. Olar-da öýüň öňündäki ýaşululardan başladylar.


Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady.


Şeýdip, haramlyklary zerarly, mukaddes çadyrdan daşda bolmaklaryny ysraýyl halkyna duýduryň. Maňa ýüz tutulýan öýi haraplap, olaryň özleri hem murdarlykda ölmesinler.


Her biriňiz öz ene-ataňyzy sylaň, Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetiriň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirip, Meniň mukaddes öýüme hormat goýuň. Reb Mendirin.


Isa olara: «„Meniň öýüm ybadat öýi diýlip atlandyrylar“ diýip ýazylgydyr, siz bolsa muny garakçylaryň sürenine öwürýärsiňiz» diýdi.


Hudaýyň ybadathanasy bilen butlaryň, heý-de, özara ylalaşygy bolarmy? Çünki biz diri Hudaýyň ybadathanasydyrys. Hudaý: «Men olaryň arasynda mesgen tutaryn we olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar» diýipdi ahyryn.


Çünki hökümiň Hudaýyň maşgalasyndan başlanmaly wagty gelip ýetdi. Höküm öňürti bizden başlansa, onda Hudaýyň Hoş Habaryna tabyn bolmaýanlaryň soňy näme bolar?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ