Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 19:3 - Mukaddes Kitap

3 Her biriňiz öz ene-ataňyzy sylaň, Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetiriň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Хер бириңиз өз эне-атаңызы сылаң, Сабат гүнүмиң канунларыны ерине етириң. Худайыңыз Реб Мендирин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 19:3
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýusup ogullaryny kakasynyň öňünden alyp, oňa iki bükülip tagzym etdi.


Öz mukaddes Sabat günüňi olara aýan etdiň. Guluň Musanyň üsti bilen olara tabşyryklar, parzlar we kanunlar berdiň.


Serediň! Men size Sabat gününi berdim. Şonuň üçin hem altynjy gün Men size çöregi iki günlük edip berýärin. Ýedinji gün her kim öz ýerinde galsyn, hiç kim daşary çykmasyn» diýdi.


Ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň özüňe beren ýerinde ömrüň uzak bolar.


Mukaddes Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetir.


Kim atasyna-enesine el galdyrsa, ol ölüme höküm edilsin.


Atasyna ýa-da enesine gargan adam ölüme höküm edilsin.


Diňle, oglum, ataňyň nesihatlaryny, eneňiň öwütlerinden ýüz öwürme.


Ataňy diňle, ol seni dünýä inderdi, eneňi ýigrenme garran wagtynda.


Şeýle adamlar bar, atasyna gargaýandyr, enesine alkyş edýän däldir.


Atasyny masgaralap, enesini diňlemän, har edýän gözi dere gargalary çokar, bürgütler iýer.


Sabat gününi bozmakdan, mukaddes günümde isläniňizi etmekden saklansaňyz, Sabat gününi ýakymly, Rebbiň mukaddes gününi hormatly saýsaňyz, özüňize ýaraýany etmän, isläniňizi etmän, boş sözleri sözlemän, ol güni hormatlasaňyz,


Olary mukaddes halk eden Meniň Rebdigimi bilsinler diýip, Özüm bilen olaryň arasynda alamat bolar ýaly, mukaddes Sabat günlerimi hem olar üçin belledim.


Hudaýyňyz Reb Mendirin. Şonuň üçin hem siz tämizlenip, mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin. Guryýer süýrenijilerini iýip, özüňizi haram etmäň.


Bäşinji ýyl welin, siz miweli agaçlaryň miwesinden iýip bilersiňiz, olar size bol miwe berer. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirip, mukaddes öýüme hormat goýuň. Men Rebdirin.


Jadygöýlere we palçylara ýüz tutmaň. Olardan maslahat sorap, özüňizi haram etmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Araňyzda ýaşaýan gelmişekler siziň üçin ildeşiňiz ýaly bolsun. Olary özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, çünki sizem Müsür ilinde gelmişek bolupdyňyz. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Alty günläp işläň, ýedinji gün Sabatdyr, ol doly dynçlyk we mukaddes ýygnanyşyk günüdir. Şol gün siz hiç hili iş etmäň. Nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, şol Sabat güni Rebbe degişlidir.


Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirip, Meniň mukaddes öýüme hormat goýuň. Reb Mendirin.


Eý, Meniň adymy kemsidýän ruhanylar, Hökmürowan Reb size şeýle diýýär: «Ogul atasyny, gul hojaýynyny sylaýar. Eger Men ata bolsam, hany Maňa sylag-hormatyňyz? Eger Men hojaýyn bolsam, hany siziň Menden gorkyňyz? Gaýtam siz: „Biz nädip Seniň adyňy kemsitdik?“ diýýärsiňiz.


„Ata-enesini kemsiden adama nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.


Hudaýyň Rebbiň buýruşy ýaly, ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň saňa berjek ýerinde ömrüň uzak bolup, gowy günler görersiň.


Mundan başga-da, bize terbiýe beren dünýewi atalarymyz bardy, biz olara hormat goýýarys. Eger şeýdýän bolsak, ruhy Atamyza has-da berk tabyn bolup ýaşamaly dälmi?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ