Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 19:28 - Mukaddes Kitap

28 Merhum üçin bedeniňize tyg çekmäň, özüňizi tagmalamaň. Men Rebdirin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Мерхум үчин бедениңизе тыг чекмәң, өзүңизи тагмаламаң. Мен Ребдирин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 19:28
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň olar batly ses bilen gygyryşyp, öz adatlaryna görä, bedenlerinden gan akýança, gylyçlar, naýzalar bilen özlerini ýaraladylar.


Bu ýurtda uludan-kiçä hemmeler öler. Olary jaýlamazlar, hiç kim olar üçin ýas tutmaz, öz bedenini ýaralamaz ýa-da saçyny syrmaz.


Her kimiň saç-sakgaly syryldy; ähli eller ýaralanan we ähli billere jul oralan.


Saçyňyzyň gyralaryny gyrkyp, sakgalyňyzy timarlamaň.


Gyzlaryňyzy loluçylyga satyp, olary biabraý etmäň. Eger siz şeýle etseňiz, ýurt zynahorlyga berlip, ol azgynlykdan dolar.


Reb Musa şeýle diýdi: «Ruhanylar, ýagny Harun ogullary bilen gepleşip, olara şeýle diý: „Olaryň hiç biri öz garyndaşlaryndan bolan merhuma galtaşyp, özlerini haram etmesin.


Ol hiç bir ölä ýakynlaşyp, hatda öz kakasy ýa ejesi üçin hem özüni haram etmesin.


Ýas tutýanlygynyň alamaty hökmünde, ruhanylar saçlaryny we sakgallaryny gyrkyp timarlamasynlar, bedenlerine tyg çekmesinler.


Ol gije-gündiz gonamçylykda, daglarda üznüksiz gygyryp, özüni daş bilen ýaralar ýörerdi.


Beýleki şägirtler oňa: «Reb Isany gördük!» diýdiler. Emma Tomas olara: «Men Onuň ellerinde çüýleriň yzyny görüp, şol yzlara barmaklarymy degirmesem, böwrüni elläp görmesem, asla ynanmaryn» diýdi.


Siz Hudaýyňyz Rebbiň perzentlerisiňiz. Siz öli üçin bedeniňize ýara salmaň we maňlaý saçyňyzy gyrkmaň.


Gynalmalarynyň tüssesi bolsa ebedi tütär. Jandara we onuň heýkeline sežde edenler ýa-da onuň adynyň tagmasyny basdyran adamlar ne gije, ne-de gündiz dynç alarlar».


Olaryň yzyndan uçup gelen üçünji bir perişde batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Kimde-kim jandara we onuň heýkeline sežde etse, maňlaýyna ýa-da eline onuň tagmasyny basdyrsa,


Men ot bilen garyşyk, çüýşeden ýasalan deňiz ýaly bir zat gördüm. Onuň üstünde jandary, onuň heýkelini, adyny aňladýan sany ýeňenler durdy. Olaryň ellerinde Hudaýyň beren arfalary bardy.


Birinji perişde gidip, käsesini ýere dökdi. Jandaryň tagmasy bolan we onuň heýkeline sežde eden adamlarda erbet we agyryly ýaralar peýda boldy.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


Onsoň men tagtlary, olaryň üstünde oturanlary gördüm. Olara kazylyk etmeklik ygtyýary berildi. Mundan başga-da, men Isa we Hudaýyň Hoş Habary hakda şaýatlyk edenleri üçin başlary kesilenleriň janlaryny gördüm. Olar jandara we onuň butuna sežde etmändiler, maňlaýyna ýa-da ellerine onuň tagmasyny basdyrmandylar. Olar direlip, Mesih bilen müň ýyl şalyk sürdüler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ