Olar ogullaryny we gyzlaryny otdan geçirdiler, palçylyk we jadygöýlik bilen meşgullandylar. Olar Rebbiň nazarynda ýigrenji işlere baş urup, Onuň gaharyny getirdiler.
Manaşa ogluny otdan geçirdi, gözbagçylyk we täleýe garamaklyk bilen meşgullandy. Ol palçylyk, jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.
Manaşa ogluny Benhinnom deresinde otdan geçirdi, gözbagçylyk, täleýe garamaklyk we jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol palçylyk, porhanlar bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.
Müneçjimlere patyşa şeýle diýdiler: «Ýer ýüzünde seniň edýän bu talabyňyň hötdesinden hiç kim gelip bilmez! Dogrusy, munuň ýaly işi beýik we güýçli patyşalaryň hiç biri-de jadygöýden ýa palçydan, ýa-da müneçjimden soramandyr.
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.
Gaýtam, olara hat ýazyp, şeýle diýeliň: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“.
Ahyry, halaýyk ele salnan oljalaryň üstüne çozdy. Olar goýunlaryň, öküzlerdir sygyrlaryň damagyny çalyp, ganyny akdyrman, olaryň etini gany bilen bile bişirip iýdiler.
«Ganly et iýip, halk Rebbiň öňünde günä gazanýar, ony bir görsene» diýip, Şawula habar berdiler. Ol: «Siz haýynlyk etdiňiz. Indi meniň ýanyma uly bir daşy togalap getiriň» diýdi.
Çünki topalaň palçylyga barabar günädir. Tekepbirlik şere we butparazçylyga barabardyr. Rebbiň sözüni ret edendigiň üçin Reb hem seniň patyşa bolmaklygyňy ret etdi».