Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 19:22 - Mukaddes Kitap

22 Onsoň ruhany Rebbiň huzurynda bu ýazyk gurbanlygynyň goçy bilen, ony eden günäsinden saplasyn we Hudaý günäliniň eden günäsini geçer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Онсоң руханы Реббиң хузурында бу язык гурбанлыгының гочы билен, оны эден гүнәсинден сапласын ве Худай гүнәлиниң эден гүнәсини гечер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 19:22
7 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol adam özi üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde bir goç getirsin.


Siz Kengan ýurduna gelip, iýmit üçin her hili miweli agaçlary oturdanyňyzda, ilkinji üç ýylyň miwelerinden iýmeklik gadagan edilsin, olary iýmäň.


Baş ruhany günä gurbanlygy üçin berlen öküzçe bilen näme eden bolsa, bu öküzçe bilen hem şeýle etsin. Ol günä gurbanlygy üçin berlen bu öküzçe bilen halky günäsinden saplasyn we Hudaý halkyň günäsini geçer.


Erkejiň bar ýagyny ruhany edil salamatlyk gurbanlygynyňky ýaly edip, gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen erkeç bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Edil salamatlyk gurbanlygynyň bar ýagyny alşy ýaly, ruhany bu geçiniň hem ähli ýagyny alsyn. Soňra Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen geçi bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Salamatlyk gurbanlygy üçin öldürilen goýnuň bar ýagynyň alnyşy ýaly, bu günä gurbanlygy üçin hödürlenen guzynyň hem ähli ýagy alynsyn. Ruhany ony alyp, Rebbe ot üsti bilen berlen beýleki gurbanlyklar bilen bile gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen guzy bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Eger günäliniň goýna gurby çatmaýan bolsa, eden günäsi üçin töleg hökmünde Rebbe iki sany gumry ýa-da iki kepderi getirsin. Olaryň biri günä gurbanlygy, beýlekisi bolsa ýakma gurbanlygy üçindir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ