Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 19:18 - Mukaddes Kitap

18 Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý. Men Rebdirin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Өз халкыңдан өч алма, оларың хич бири бабатда ичиңде китүв саклама. Гайтам, якыныңы өзүңи сөйшүң ялы сөй. Мен Ребдирин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 19:18
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Lemek aýallaryna şeýle diýdi: «Eý, Ada we Silla, maňa gulak asyň! Aýallarym, sözümi diňläň! Meni ýaralan adamy öldürerin, meni uran juwan ýigidi öldürerin.


Uýasynyň namysyna degendigi üçin, Abşalom Amnony ýigrenýärdi. Ýöne ol Amnona ýagşydan-ýamandan hiç zat diýenokdy.


Abşalom hyzmatkärlerine şeýle buýruk berdi: «Serediň, Amnon şerapdan serhoş bolanda, men: „Amnony uruň“ diýerin. Şonda siz ony öldürersiňiz. Gorkmaň. Size muny men buýurýandyryn. Gorkmaň, mert boluň!»


Suwlar gaýdyp ýer ýüzüni örtmesin diýip, olar geçmesin diýip, bir serhet goýduň.


«Ýamanlygy ýerine salaryn» diýme, Rebbe garaş, Ol seni halas eder.


Araňyzda ýaşaýan gelmişekler siziň üçin ildeşiňiz ýaly bolsun. Olary özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, çünki sizem Müsür ilinde gelmişek bolupdyňyz. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Şol mahal bir adam Isanyň ýanyna gelip: «Eý, Mugallym, baky ýaşaýşa eýe bolar ýaly, men näme ýagşy iş etmeli?» diýip sorady.


Size bir täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň. Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri-biriňizi söýüň.


Emma Pawlus gaty ses bilen: «Saklan! Janyňa kast etme, biziň hemmämiz şu ýerde!» diýip gygyrdy.


Ýamanlyga ýamanlyk etmäň, tersine, hemmelere ýagşylyk etmäge ymtylyň.


Eý, ezizlerim, özüňiz ar aljak bolmaň, muny Hudaýa tabşyryň. Sebäbi Reb: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin» diýýär.


Sebäbi häkimiýet ýolbaşçysy seniň ýagşylygyň üçin Hudaýyň hyzmatkäridir. Ýaman iş edýän bolsaň, häkimiýet ýolbaşçysyndan gork, sebäbi ol gylyjy ýöne ýere göterýän däldir. Ol Hudaýyň hyzmatkäridir, ýaman iş edeni jezalandyryp, Hudaýyň gazabyny onuň üstünden inderýändir.


Çünki «Zyna etme, adam öldürme, ogurlyk etme, başganyň zadyna göz dikme» diýen we başga buýruklaryň bary «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen buýrukda jemlenendir.


Çünki tutuş Mukaddes Kanun: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen bir buýrukda jemlenendir.


butparazlyk we doga-jadygöýlikdir; ýigrenç, agzalalyk, göriplik, gahar, bäsdeşlik, jedel, bölünişik


Her hili öýke-kine, gahar-gazap, paýyş sözler aýtmak we töhmet atmak ýaly ýigrenji häsiýetler sizden daş bolsun.


Ýigit ýa-da gyz bolsun, emýän körpe ýa çal goja, parhy ýok, daşarda gylyç heläk eder, içerde olary gorky öldürer.


Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin, çünki aýaklarynyň taýýan wagty geler. Duşmanlaryň heläk boljak güni ýakyndyr, jeza güni gaty golaýdyr“.


Indi bolsa gahar-gazaby, ýamanlyklaryň hemmesini özüňizden aýryp taşlaň. Agzyňyzdan hiç bir töhmet we paýyş sözler çykmasyn.


Şeýle hem biz bu sözleri aýdan Hudaýy tanaýarys: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin», şeýle hem: «Reb Öz halkynyň üstünden höküm çykarar».


Eger siz Mukaddes Ýazgylardaky: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen iň möhüm buýrugy ýerine ýetirýän bolsaňyz, dogry iş edýänsiňiz.


Şonuň üçin hem her hili ýaman niýeti, hilegärligi, ikiýüzlüligi, bahyllygy, gybat-gürrüňleri özüňizden aýryp taşlaň.


Hudaý bize: «Hudaýy söýýän adam öz doganyny-da söýsün» diýip buýruk berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ