Emma eýesi şol wagt malyň ýanynda bolsa, sorap alan kişi oňa hiç zat tölemeli däldir. Eger-de mal kireýine berlen bolsa, ýetirilen zyýanyň öwezine diňe kireýiň muzdy tölenmelidir».
Reb şeýle diýýär: „Adalaty we dogruçyllygy berjaý ediň, ezileni zalymyň elinden halas ediň; gelmişege, ýetim bilen dul aýala azar bermäň, zorluk etmäň, bu ýerde nähak gan dökmäň.
Gan dökmek üçin seniň içiňde para aldylar; sen peýda we göterim aldyň, zorluk bilen goňşyňdan gazanç etdiň we Meni unutdyň. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
ýa ýiten zady tapyp alybam, bu hakda ýalandan ant içip, ynsanyň edäýjek zatlarynyň birini edip günä gazanyp, soňam öz eden günäsine düşünip, zorluk ýa-da hile bilen alan ýa-da özüne amanat berlen, ýa-da biri tarapyndan ýitirilen we özüniň tapan zadyny,
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.
Sen Onuň: „Adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyk etme, hiç kimiň hakyny iýme, ata-eneňe hormat goý“ diýen tabşyryklaryny bilýänsiň ahyryn» diýip jogap berdi.