Abşalomyň adamlary ol aýalyň öýüne gelip, ondan Ahymagas bilen Ýonatanyň nirededigini soradylar. Aýal olara: «Olar arykdan geçdiler» diýip jogap berdi. Gözleýänler ol ikisini gözläp tapmandan soň, Iýerusalime dolandylar.
Onsoň ol pygamber Hudaýyň adamyna şeýle diýdi: «Men hem seniň ýaly bir pygamberdirin. Rebbiň tabşyrygy boýunça bir perişde maňa: „Ol çörek iýip, suw içer ýaly ony yzyna öwür-de, özüň bilen bile öýüňe alyp gaýt“ diýdi». Ol Hudaýyň adamyny aldaýardy.
«Bir adam öküz ýa-da goýun ogurlap, ony soýsa ýa-da satsa, ol bir öküze derek bäş öküz, bir goýna derek dört goýun bermeli. Eger onuň hiç zady ýok bolsa, ogurlan zatlary üçin ol özüni gulçulyga satmaly.
Asla etmez! Adamlaryň ählisi biwepa bolaýanda-da, Hudaý sadykdyr. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda Hudaý barada şeýle ýazylgydyr: «Sen çykaran hökümiňde adalatlysyň, Kazylyk edeniňde, üstün çykansyň».
Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».