Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 19:10 - Mukaddes Kitap

10 Üzüm baglaryňyzyň miweleriniň baryny ýygmaň, ýere gaçan üzümleri ýygnaman, olary garyp-gasara, gelmişeklere goýuň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Үзүм багларыңызың мивелериниң барыны йыгмаң, ере гачан үзүмлери йыгнаман, олары гарып-гасара, гелмишеклере гоюң. Худайыңыз Реб Мендирин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 19:10
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Zeýtun agajynyň miwesi kakylyp alnandan soň, depesinde iki-üç zeýtunyň galyşy deý, şahalarynyň uçlarynda dört-bäşisiniň galyşy deý, diňe birazy aman galdyrylar. Muny Ysraýyl Hudaýy Reb aýdýandyr.


Zeýtun agajy kakylanda, hasyl ýygylandan soň, artyp galan üzümler bilen näme edilýän bolsa, dünýädäki milletler bilen-de şeýle bolar.


Eger üzümçiler bagyňa girse, birki salkym üzüm galdyrmazlarmy? Gije öýüňe ogrular girse, özlerine geregini ogurlamazlarmy?


Hudaýyňyz Reb Mendirin. Şonuň üçin hem siz tämizlenip, mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin. Guryýer süýrenijilerini iýip, özüňizi haram etmäň.


Ogrulyk, hilegärlik etmäň, bir-biriňizi aldamaň.


Bäşinji ýyl welin, siz miweli agaçlaryň miwesinden iýip bilersiňiz, olar size bol miwe berer. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Ýeriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, atyzlaryňyzyň gyra çetindäkilerini ormaň, hasylyňyzyň hoşasyny çöplemäň.


Ýeriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, atyzlaryňyzyň gyra çetlerindäkileri ormaň, hasylyňyzyň hoşasyny çöplemäň. Olary garyp-gasara we gelmişege goýuň. Hudaýyňyz Reb Mendirin“».


Ýeriň ekişsiz galdyrylan ýyly biten hasyl siziň üçin, gul-gyrnaklaryňyzdyr günlükçiler üçin we siziňkide wagtlaýyn ýaşaýan gelmişekler üçin iýmit bolsun.


«Seniň içiňe ogrular girdimi ýa gijeki talaňçylar? Ogrular diňe özüne geregini ogurlamazlarmy? Eger üzüm bagyňa girseler, saňa-da miweden galdyrmazlarmy? Emma sen nähili weýran bolduň!


Dat günüme meniň! Çünki men tomus miwesiniň, üzümiň galan-gaçanynyň ýygnalyşy kimindirin; ýekeje salkym ýok iýer ýaly; injiriň ilki miwesini küýseýär göwnüm!


Siz meýdanda hasylyňyzy ýygnanyňyzda, ol ýerde ýadyňyzdan çykaryp galdyran dessäňizi getirmek üçin, yzyňyza gaýtmaň. Ol gelmişege, ýetim-ýesire we dula galsyn. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň ähli işleriňize bereket berer.


Siz zeýtun agajyňyzyň miwesini kakanyňyzda, onuň galan-gaçanyny çöplemäň. Olar gelmişege, ýetim-ýesire, dula galsyn.


Üzüm baglaryňyzyň üzümini ýyganyňyzda, galan-gaçanyny ýygmaň. Olary gelmişek üçin, ýetim-ýesir üçin we dul aýal üçin galdyryň.


Gidegon olara: «Siziň bitiren işiňiziň ýanynda meniňki dagy näme? Efraýym Abygezeriň ýygnan üzüminden köp ýygyp, özüni bagtly hasaplamanmydy näme?


Mowaply Rut Nagoma: «Men ekin meýdanyna gideýin, ol ýerde maňa öz yzyndan hoşa çöplemäge rugsat eden adam tapylsa, onuň yzyndan hoşa çöplärin» diýdi. Ol hem: «Gidiber, gyzym» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ