Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 18:5 - Mukaddes Kitap

5 Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý ediň. Olary berjaý eden aman galar. Men Rebdirin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Мениң парзларымы, хөкүмлерими берҗай эдиң. Олары берҗай эден аман галар. Мен Ребдирин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 18:5
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen olara Öz kanunyňa tarap öwrülmeklerini duýdurdyň. Emma olar şonda-da tekepbirlik edip, Seniň tabşyryklaryňa boýun egmediler; hökümleriňi berjaý etseler, ýaşajakdyklaryny bilseler-de, hökümleriňi ret etdiler. Olar gerişlerini ýükden sowup, boýnuýogynlyk etdiler, diňlemediler.


Reb Musa: «Men Rebdirin. Meniň saňa aýdýanlarymyň hemmesini Müsüriň patyşasy faraona ýetir» diýdi.


Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan azat ederin.


Gulak asyň, Maňa geliň, diňläň, ýaşarsyňyz, siz bilen baky äht edişerin, Dawuda wada beren sadyk söýgimi bererin.


Ol Meniň parzlarymy ýerine ýetirer, hökümlerimi ak ýürekden doly berjaý eder; ol dogruçyl adamdyr; ol hökman diri galar». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Men olara parzlarymy we hökümlerimi berdim. Bu hökümleri berjaý eden her bir adam ýaşar.


Ýöne ysraýyl halky çölde Meniň garşyma gozgalaň turuzdy. Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý eden adam aman galsa-da, olar kanunlarymy ýerine ýetirmediler. Hökümlerimi ret etdiler, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny bütinleý harladylar. Onsoň Men çölde gahar-gazabymy başlaryndan inderip, olary ýok etjekdigimi aýtdym.


Ýöne perzentler Meniň garşyma gozgalaň turuzdylar; Meniň parzlarymy doly berjaý etmediler, bulary ýerine ýetiren adam aman galsa-da, hökümlerimi ret etdiler, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny harladylar. Onsoň Men çölde gahar-gazabymy başlaryndan inderip, olary ýok etjekdigimi aýtdym.


Hiç biriňiz öz mährem garyndaşyňyz bilen jyns gatnaşygyny etmäň. Men Rebdirin.


Men Rebdirin, üýtgeýän däldirin. Şonuň üçin hem siz Ýakubyň nesli bolmakdan mahrum edilmediňiz.


Isa: «Näme üçin Menden ýagşylyk hakynda soraýarsyň? Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir. Baky ýaşaýşa gowuşmak isleýän bolsaň, Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý et» diýdi.


Isa oňa: «Dogry jogap berdiň, sen hem şeýle et, şonda ýaşarsyň» diýdi.


Kanuna daýanýan dogrulyk barada Musa şeýle ýazýar: «Ony berjaý edýän adam aman galar».


men öldüm. Hawa, maňa ýaşaýyş bermeli Kanun meniň ölmegime sebäp boldy.


Mukaddes Kanuny berjaý etmek bolsa imana bagly däldir. Emma «ony berjaý edýän adam aman galar».


Hudaýyňyz Rebbi söýüň, Oňa gulak asyň we Oňa bil baglaň, çünki ýaşaýşyňyzyň we ömrüňiziň uzaklygy Ondadyr. Bu Rebbiň ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba bermegi wada eden ýurdunda ýaşamagyňyz üçindir».


Hudaýyňyz Reb Özüne boýun egdirmek üçin siziň ýüregiňizi we nesilleriňiziň ýüregini üýtgeder, şonda siz Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden söýüp ýaşarsyňyz.


«Eý, ysraýyl halky, indi meniň size öwredýän parzlaryma we düzgünlerime gulak goýuň. Şonda siz ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň özüňize berýän ýurduna gidip, ony mülk edinersiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ