Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 18:30 - Mukaddes Kitap

30 Sizden öňküleriň eden nejisliklerini gaýtalamazlygyňyz üçin, özüňizi şu zatlar zerarly haram etmezligiňiz üçin, Meniň buýrugymy berjaý ediň. Hudaýyňyz Reb Mendirin“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Сизден өңкүлериң эден неҗисликлерини гайталамазлыгыңыз үчин, өзүңизи шу затлар зерарлы харам этмезлигиңиз үчин, Мениң буйругымы берҗай эдиң. Худайыңыз Реб Мендирин“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 18:30
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýle hem ýurtdaky seždegähleriň azgyn erkekleri bardy. Olar Rebbiň ysraýyllaryň öňünden kowup çykaran milletleriniň nejis işlerini etdiler.


Ahap Reb tarapyndan ysraýyllaryň öňünden kowup çykarylan amorlar ýaly butlara sežde edip, iň nejis işleri etdi.)


Bu işler tamamlanandan soň, baştutanlar meniň ýanyma gelip: «Ysraýyl halky we ruhanylardyr lewiler bu ýeriň halklaryndan, ýagny kenganlardan, hetlerden, perizlerden, ýabuslardan, ammonlardan, mowaplardan, müsürlilerden, amorlardan we olaryň nejis işlerinden özlerini aýry tutup bilmediler» diýdiler.


Kimde-kim bu nejisliklerden birini etse, ol öz halkyndan çetleşdirilsin.


Öňüňizden kowup çykarýan milletiň adatlaryna eýermäň, çünki şeýle işler edendikleri üçin Men olary ýigrendim.


Ruhanylar Meniň buýruklarymy berjaý etsinler, ýogsam olar mukaddes çadyry harlandyklary üçin, öz jezalaryny çekip ölerler. Olary mukaddes edýän Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbi söýüň, Onuň buýruklaryny, parzlarydyr hökümlerini we tabşyryklaryny hemişe ýerine ýetiriň.


ägä boluň. Olar siziň öňüňizden ýok edilenden soň hem, olaryň bolşy ýaly duzaga düşäýmäň. „Bu halklar hudaýlaryna nädip sežde edýärler? Biz hem şeýle ederis“ diýip, olaryň hudaýlaryna degişli soraglar bermäň.


Siz Hudaýyňyz Rebbe munuň ýaly sežde etmäň, sebäbi olar öz hudaýlaryna Rebbiň ýigrenýän nejis işleriniň ählisini edýärler. Olar hatda hudaýlaryna öz ogullarydyr gyzlaryny oda ýakýarlar.


Men gyrnak aýalymy ol ýerden getirip, kesişdirdim-de, Ysraýylyň ähli ýerine iberdim, çünki Ysraýylda kada-kanuna laýyk gelmeýän, masgaraçylykly iş etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ