Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 18:27 - Mukaddes Kitap

27 Çünki sizden öň bu ýurtda ýaşan ilat bu nejislikleriň baryny etdi we ýurt harama çykdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Чүнки сизден өң бу юртда яшан илат бу неҗисликлериң барыны этди ве юрт харама чыкды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 18:27
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýle hem ýurtdaky seždegähleriň azgyn erkekleri bardy. Olar Rebbiň ysraýyllaryň öňünden kowup çykaran milletleriniň nejis işlerini etdiler.


Ahaz Ysraýyl patyşalarynyň ýoly bilen ýöräp, Rebbiň ysraýyllaryň ýurdundan kowup çykaran milletleriniň ýigrenji adaty boýunça öz ogluny otdan geçirdi.


Rebbiň ysraýyllaryň arasyndan kowup çykaran milletleriniň eden nejis işleri ýaly Manaşa hem Rebbiň nazarynda nejis işleri etdi


Ähli ruhany baştutanlary bilen halk birlikde milletleriň ähli ýigrenji işlerine eýerdiler, biwepalyk çakdanaşa artdy. Olar Rebbiň Iýerusalimde mukaddes eden öýüni murdar etdiler.


Olar özlerine guwandylar we Meniň gözümiň alnynda nejis işler etdiler. Şonuň üçin hem muny görenimde, olary öňümden süpürip taşladym.


Kimse goňşusynyň aýaly bilen nejis iş etdi; kimse utanman öz gelni bilen zyna etdi; kimse öz aýal uýasynyň, öz atasynyň gyzynyň namysyna degdi.


Çölde üzüm tapan ýaly, Men Ysraýyly tapdym. Ilkinji miwe beren injir agajyny gören ýaly, Men ata-babalaryňyzy gördüm. Ýöne olar Bagalpegor dagyndaky butuna sežde edenlerinde, özlerini ryswaçylyga urdular. Göwün beren zatlary ýaly ýigrenji boldular.


Şu nejislikleriň hiç biri bilen günä etmäň, çünki siziň öňüňizden kowýan milletlerim şu pis işleri zerarly haram boldular.


Emma siz Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý edip, bu nejis işleri etmäň. Ýerli halk-da, araňyzda ýaşaýan gelmişekler-de şeýle pis işleri etmesinler.


Eger sizem ýurdy harama çykarsaňyz, ozalky milletden ýüz dönderişi ýaly, ýurt sizden-de ýüz dönderer.


Şonda olar öz hudaýlaryna gulluk etmekdäki nejis işleriniň hiç birini size öwredip bilmezler we siz Hudaýyňyz Rebbe garşy günä etmersiňiz.


Olaryň azgyn aýallykdan gazanan hakyny aýdylan sadakalaryň tölegi hökmünde Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getirmäň. Çünki bularyň ikisi hem Hudaýyňyz Reb üçin nejislikdir.


Çünki adalatsyzlyk edýänleriň hemmesi Hudaýyňyz Rebbiň nazarynda nejisdir.


„Kimde-kim Rebbe nejis bolan senet işlerini edip, but ýa-da şekil ýasap, ony gizlin ýerde sežde etmek üçin goýsa, goý, oňa nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ