Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 18:26 - Mukaddes Kitap

26 Emma siz Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý edip, bu nejis işleri etmäň. Ýerli halk-da, araňyzda ýaşaýan gelmişekler-de şeýle pis işleri etmesinler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Эмма сиз Мениң парзларымы, хөкүмлерими берҗай эдип, бу неҗис ишлери этмәң. Ерли халк-да, араңызда яшаян гелмишеклер-де шейле пис ишлери этмесинлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 18:26
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýle hem ýurtdaky seždegähleriň azgyn erkekleri bardy. Olar Rebbiň ysraýyllaryň öňünden kowup çykaran milletleriniň nejis işlerini etdiler.


Eger ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden biri gan iýse, Men ondan ýüz öwrerin we ony öz halkyndan çetleşdirerin.


Mundan başga-da olara şuny tabşyr: „Ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden biri ýakma gurbanlyk ýa-da islendik başga gurbanlyk berip, ony Rebbe hödür etmek üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirmese, ol adam öz halkyndan çetleşdirilsin.


Şeýdip, ýurt harama çykdy. Men ýurdy etmişleri üçin jezalandyrdym. Ýurt öz ilatyndan ýüz dönderdi.


Çünki sizden öň bu ýurtda ýaşan ilat bu nejislikleriň baryny etdi we ýurt harama çykdy.


Sizden öňküleriň eden nejisliklerini gaýtalamazlygyňyz üçin, özüňizi şu zatlar zerarly haram etmezligiňiz üçin, Meniň buýrugymy berjaý ediň. Hudaýyňyz Reb Mendirin“».


Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý ediň. Olary berjaý eden aman galar. Men Rebdirin.


Isa bolsa: «Hawa, Hudaýyň sözüni eşidip, ony berjaý edýänler has hem bagtlydyr!» diýip jogap berdi.


Gowy topraga düşenler bolsa, sözi eşidip, ony ýagşy hem päk ýürekde saklaýanlardyr. Olar çydamlylyk bilen miwe berýändirler.


Meni söýýän bolsaňyz, buýruklarymy berjaý ediň.


Eger buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň dostlarym bolarsyňyz.


Meniň buýranlarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz. Olaryň üstüne hiç zat goşmaň hem, olardan hiç zat aýyrmaň hem.


Siziň we sizden soňky nesilleriňiziň gowy günler görmekleri üçin, bu gün meniň üstüm bilen Onuň size berýän parzlaryny we tabşyryklaryny berjaý ediň. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size ebedilik berýän ýerinde uzak wagtlap ýaşarsyňyz».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ