Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 18:24 - Mukaddes Kitap

24 Şu nejislikleriň hiç biri bilen günä etmäň, çünki siziň öňüňizden kowýan milletlerim şu pis işleri zerarly haram boldular.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Шу неҗисликлериң хич бири билен гүнә этмәң, чүнки сизиң өңүңизден ковян миллетлерим шу пис ишлери зерарлы харам болдулар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 18:24
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Nesliňiň dördünji arkasy bu ýere dolanyp geler, çünki amorlaryň günäsi heniz jeza almak derejesine ýetenok».


Rebbiň ysraýyllaryň arasyndan kowup çykaran milletleriniň eden nejis işleri ýaly Manaşa hem Rebbiň nazarynda nejis işleri etdi


Bu işler tamamlanandan soň, baştutanlar meniň ýanyma gelip: «Ysraýyl halky we ruhanylardyr lewiler bu ýeriň halklaryndan, ýagny kenganlardan, hetlerden, perizlerden, ýabuslardan, ammonlardan, mowaplardan, müsürlilerden, amorlardan we olaryň nejis işlerinden özlerini aýry tutup bilmediler» diýdiler.


Emma mätäçler ezýet, muşakgat, hasrat zerarly, azalyp, boýun egdirilende,


Men siziň ýanyňyza yzly-yzyna gullarym bolan pygamberlerimi iberip: „Bu nejis işi etmäň, Men ony ýigrenýärin“ diýdim.


«Eý, ynsan ogly! Ysraýyl halky öz ýurdunda mesgen tutan wagty, erbet ýol-ýörelgeleri we işleri bilen ony haram etdi; Meniň öňümde olaryň ýol-ýörelgeleri aýbaşyly aýalyň haramlygy kimindi.


Siz ýaşan ýeriňiz bolan Müsür ýurdunyň we sizi indi alyp barýan ýurdum bolan Kenganyň adatlaryna eýermäň.


Sizden öňküleriň eden nejisliklerini gaýtalamazlygyňyz üçin, özüňizi şu zatlar zerarly haram etmezligiňiz üçin, Meniň buýrugymy berjaý ediň. Hudaýyňyz Reb Mendirin“».


Meniň mekan tutan topragymy, ýagny öz ýaşaýan ýeriňizi haramlamaň. Çünki ysraýyl halkynyň arasynda ýaşaýan Reb Mendirin».


Hudaýyň ybadathanasyny weýran edeni Hudaý weýran eder. Çünki Hudaýyň ybadathanasy mukaddesdir, şol ybadathana – sizsiňiz.


Siz Hudaýyňyz Rebbe munuň ýaly sežde etmäň, sebäbi olar öz hudaýlaryna Rebbiň ýigrenýän nejis işleriniň ählisini edýärler. Olar hatda hudaýlaryna öz ogullarydyr gyzlaryny oda ýakýarlar.


Çünki bu işleri edýänler Reb üçin nejisdir. Ine, şu nejis işleri üçin Hudaýyňyz Reb olary siziň öňüňizden kowup çykarýar.


Hudaýyňyz Reb olary siziň öňüňizden kowup çykaranda, siz öz-özüňize: „Reb dogruçyllygym sebäpli, meni bu ýurda mülk edinmek üçin getirdi“ diýmäň. Bu halklaryň erbetligi sebäpli, Reb olary siziň öňüňizden kowup çykarýar.


Olaryň ýurduny eýelemegiňiz, siziň dogruçyldygyňyz ýa-da päk ýüreklidigiňiz üçin däldir. Bu halklaryň erbetdigi sebäpli, Hudaýyňyz Reb olary siziň öňüňizden kowup çykarýar. Şeýle hem, Reb muny ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba wadasyny ýerine ýetirmek üçin edýär.


Ysraýyllaryň erkek adamlarynyň ondan birisi goşun üçin iýer-içer ýaly zatlar getirer, galanlarynyň hemmesi benýaminleriň Gibgada masgaraçylykly iş edendikleri üçin, olary jezalandyrmaga gider».


Gibganyň adamlary gije biziň ýatan jaýymyzyň daşyny gabadylar. Meni öldürjek boldular, meniň gyrnak aýalymy masgaralap, tä ölinçä zorladylar, ol öldi.


Men gyrnak aýalymy ol ýerden getirip, kesişdirdim-de, Ysraýylyň ähli ýerine iberdim, çünki Ysraýylda kada-kanuna laýyk gelmeýän, masgaraçylykly iş etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ