Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Ysraýyly saýlan günüm Ýakubyň nesline kasam eden günümdir we Müsür ýurdunda Özümi olara aýan edip: „Hudaýyňyz Reb Mendirin!“ diýip ant içen günümdir.
Sizden öňküleriň eden nejisliklerini gaýtalamazlygyňyz üçin, özüňizi şu zatlar zerarly haram etmezligiňiz üçin, Meniň buýrugymy berjaý ediň. Hudaýyňyz Reb Mendirin“».
Araňyzda ýaşaýan gelmişekler siziň üçin ildeşiňiz ýaly bolsun. Olary özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, çünki sizem Müsür ilinde gelmişek bolupdyňyz. Hudaýyňyz Reb Mendirin.