Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 17:8 - Mukaddes Kitap

8-9 Mundan başga-da olara şuny tabşyr: „Ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden biri ýakma gurbanlyk ýa-da islendik başga gurbanlyk berip, ony Rebbe hödür etmek üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirmese, ol adam öz halkyndan çetleşdirilsin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8-9 Мундан башга-да олара шуны табшыр: „Ысрайыл халкындан я-да оларың арасында яшаян гелмишеклерден бири якма гурбанлык я-да ислендик башга гурбанлык берип, оны Реббе хөдүр этмек үчин, Реббе йүз тутулян чадырың агзына гетирмесе, ол адам өз халкындан четлешдирилсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 17:8
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny gurup, ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi. Reb ýurt üçin edilen dilegleri kabul etdi; gyrgyn belasy Ysraýyldan sowuldy.


Eger ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden biri gan iýse, Men ondan ýüz öwrerin we ony öz halkyndan çetleşdirerin.


Ysraýyl halky mundan beýläk Rebbe ikilik edip, gurbanlyklaryny but erkeçlerine hödür etmesinler. Bu olara nesilden-nesle ebedilik düzgün bolsun“.


Eger siz goýun gurbanlyk bermekçi bolsaňyz, onda ony Rebbiň huzuryna getirmelisiňiz.


Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar! Ähli ýerde Meniň adyma ýakymly ysly tütetgi ýakylyp, päk sadakalar hödürlener. Çünki milletler arasynda Meniň adym beýik bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Ine, rubenleriň, gatlaryň we gündogardaky manaşa tiresiniň Kenganyň araçäginde, Iordanyň boýunda, ysraýyllaryň tarapynda gurbanlyk sypasyny gurandyklary baradaky habar ysraýyl halkyna gelip ýetdi.


Olar Gilgada – rubenleriň, gatlaryň we gündogardaky manaşa tiresiniň ýanyna gelip, olara şeýle diýdiler:


«Rebbiň tutuş jemagaty şeýle diýýär: „Bu nähili dönüklik? Siz Ysraýyl Hudaýy Rebbiň garşysyna çykdyňyzmy? Siz Rebbe gulluk etmekden ýüz öwürdiňizmi? Siz öz gurbanlyk sypaňyzy gurup, Rebbe garşy baş göterýäňizmi?


Soňra belentde Hudaýyňyz Rebbe gurbanlyk sypasyny gur. Ikinji öküzi soý-da, ony şol ýerde Aşera butundan alnan odun bilen ýakyp, ýakma gurbanlyk edip ber» diýdi


Indi menden öň aşak, Gilgala in. Ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny bermek üçin, ol ýere men hem barjak. Ýedi gün garaşanyňdan soň, ýanyňa baryp, näme etmelidigiňi aýdaryn».


Şamuwel: «Men nädip gideýin? Eger Şawul eşidäýse, ol meni öldürer» diýdi. Reb oňa şeýle diýdi: «Ýanyňa bir göle al-da, „Men Rebbe gurbanlyk bermäge geldim“ diý.


Şamuwel heniz otukmadyk bir guzyny Rebbe başbütin ýakma gurbanlyk berdi. Soň ol Ysraýyl üçin Rebbe perýat etdi; Reb oňa seslendi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ