Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 17:6 - Mukaddes Kitap

6 Ruhany gany Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky Rebbiň gurbanlyk sypasyna serpsin we ýagy Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin ýaksyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Руханы ганы Реббе йүз тутулян чадырың агзындакы Реббиң гурбанлык сыпасына серпсин ве ягы Реббе якымлы ыс чыкармак үчин яксын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 17:6
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Içýagynyň hemmesini al, bagryň ýüzündäki ýagly perdäni, iki böwregini daşynyň ýagy bilen al. Olary gurbanlyk sypasynda ýak.


Gurbanlyk sypasynyň üstünde tutuş goçy ýak. Bu Meniň üçin ýakma gurbanlygydyr. Ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar.


Emma ysraýyl halky Menden aýrylyp, ýoldan çykanda, mukaddes öýümi goramak keşigini çeken Sadok neslinden bolan lewi ruhanylary Maňa hyzmat etmek üçin ýakynlaşarlar; ýagy we gany Maňa hödür etmek üçin huzurymda olar durarlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Bu tabşyryk ysraýyl halkynyň açyk meýdanda gurbanlyklar bermegini togtadar. Bu ysraýyl halkynyň öz gurbanlyklaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ruhana getirip bermegi üçindir. Ruhany ol gurbanlyklary Rebbe salamatlyk gurbanlyklary hökmünde hödür eder.


Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn.


Malyň eýesi onuň kellesine elini goýup, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňünde onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary gurbanlyk janlysynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr. Gurbanlygyň ähli ýagy Rebbe hödür edilsin.


Malyň eýesi gurbanlyk malynyň kellesine elini goýup, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar gurbanlygyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Onsoň Harunyň ogullary bulary gurbanlyk sypasynyň üstünde ýanyp duran otdaky ýakma gurbanlygy bilen bile ýaksynlar. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň kellesine elini goýup, onuň damagyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňünde çalsyn. Harunyň ogullary onuň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Edil salamatlyk gurbanlygynyň bar ýagyny alşy ýaly, ruhany bu geçiniň hem ähli ýagyny alsyn. Soňra Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen geçi bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Ýöne sygryň, goýnuň, geçiniň ilki guzlanlary üçin töleg alma, olar mukaddesdirler. Olaryň ganyny gurbanlyk sypasyna tarap serpip, ýagyny-da Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde otda ýak.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ