Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 17:5 - Mukaddes Kitap

5 Bu tabşyryk ysraýyl halkynyň açyk meýdanda gurbanlyklar bermegini togtadar. Bu ysraýyl halkynyň öz gurbanlyklaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ruhana getirip bermegi üçindir. Ruhany ol gurbanlyklary Rebbe salamatlyk gurbanlyklary hökmünde hödür eder.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Бу табшырык ысрайыл халкының ачык мейданда гурбанлыклар бермегини тогтадар. Бу ысрайыл халкының өз гурбанлыкларыны Реббе йүз тутулян чадырың агзындакы рухана гетирип бермеги үчиндир. Руханы ол гурбанлыклары Реббе саламатлык гурбанлыклары хөкмүнде хөдүр эдер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 17:5
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýym Beýerşebada bir sany ýylgyn ekip, ol ýerde Baky Hudaý Rebbe ybadat etdi.


Şol wagt Ybraýym başyny galdyryp, aňyrrakda gyrymsy agaçlaryň gür şahalaryna şahy çolaşan bir goçuň durandygyny gördi. Ybraýym baryp goçy tutdy we ony oglunyň deregine Rebbe ýakma gurbanlyk edip berdi.


Hudaý: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al-da, Moryýa ýurduna bar we Meniň saňa görkezjek dagymyň üstünde Yshagy Hudaýa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür et» diýdi.


Ýakup dagyň üstünde gurbanlyk berip, garyndaşlaryny nahara çagyrdy. Olar naharlandylar we gije dagda ýatdylar.


Çünki olar hem her bir beýik baýyrda, gür ýaprakly her bir agajyň astynda özlerine seždegähleri, dikme daşlaryny hem-de Aşera butlaryny gurdular.


Adamlar seždegählerde gurbanlyk berýärdiler, çünki henize çenli Rebbe ybadat öýi salynmandy.


Süleýman kakasy Dawudyň wesýetlerini berjaý edip, Rebbi söýdi. Ýöne ol seždegählerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakdy.


Ol seždegählerde, baýyrlyklarda we gür ýaprakly her bir agajyň astynda gurbanlyk berýärdi, ýakymly ysly tütetgi tütedýärdi.


Olar her bir beýik baýyrda hem-de gür ýaprakly her bir agajyň astynda dikme daşlary we Aşera butlaryny dikdiler.


Ol seždegählerde, baýyrlyklarda we gür ýaprakly her bir agajyň astynda gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi tütedýärdi.


Soňra Musa Rebbe ýakma gurbanlyklary we öküzler soýup, salamatlyk gurbanlyklary bermäge ysraýyllaryň ýaş ýigitlerini ugratdy.


Men olary wada beren ýurduma getirenimde, olar her bir gören beýik baýyrlykda, her bir gür ýaprakly agajyň astynda gurbanlyklaryny hödürlediler. Ol ýerde Meniň gaharymy getirýän sadakalaryny, hoşboý ysly tütetgilerini we içgi sadakalaryny hödür etdiler».


Gan dökmek üçin araňyzda töhmetçiler bar. Öz araňyzdakylar daglaryň üstünde gurbanlyk iýdiler we haýasyzlyk etdiler.


Ýedi gün tamamlanandan soň, sekizinji günden başlap, ruhanylar gurbanlyk sypasynda ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryňyzy hödür ederler. Onsoň Men sizden razy bolaryn“». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Emma ysraýyl halky Menden aýrylyp, ýoldan çykanda, mukaddes öýümi goramak keşigini çeken Sadok neslinden bolan lewi ruhanylary Maňa hyzmat etmek üçin ýakynlaşarlar; ýagy we gany Maňa hödür etmek üçin huzurymda olar durarlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Ruhany gany Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky Rebbiň gurbanlyk sypasyna serpsin we ýagy Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin ýaksyn.


siziň kowup çykarjak milletleriňiziň öz hudaýlaryna hyzmat edýän beýik daglarynyň depesindäki, baýyrlyklardaky we gür ýaprakly her bir agajyň astyndaky ähli ýerlerini ýykyp ýumruň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ