Eger bir adam öz gyz doganyna, kakasynyň ýa ejesiniň gyzyna öýlense, olar köpçüligiň öňünde masgaralanyp, öz halkynyň arasyndan çykarylsyn. Ol adam öz gyz dogany bilen jyns gatnaşygyny edenligi üçin jezalandyrylmalydyr.
Eger salamatlyk gurbanlygynyň etinden üçülenji gün iýilse, onda ol kabul bolmaz we ony hödür eden üçin hasaba alynmaz. Ol nejisdir, ondan iýen jezany çekmeli.
Edil şonuň ýaly, Mesih hem köp adamlaryň günälerini ýuwmak üçin, bir gezekde gurban boldy. Emma Ol ikinji gezek gelende, günäleri ýuwmak üçin däl-de, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlary halas etmek üçin geler.