Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 17:15 - Mukaddes Kitap

15 Haram ölen ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etini iýen kişi özüniň ýerli halkdan ýa-da gelmişekdigine garamazdan, geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr we soňra tämiz bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Харам өлен я-да йыртыҗыларың парчалан хайванының этини иен киши өзүниң ерли халкдан я-да гелмишекдигине гарамаздан, гейимлерини ювсун, сува дүшүнсин. Ол агшама ченли харамдыр ве соңра тәмиз болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 17:15
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mallaryňyzyň-da, dowarlaryňyzyň-da ilkinji erkek guzlanlaryny ýedi gün enesiniň ýanynda saklap, sekizlenji gün Meniň huzuryma getiriň.


Siz Meniň mukaddes halkymsyňyz. Şonuň üçin hem ýyrtyjylaryň meýdanda parçalan mallarynyň etini iýmäň. Ony itleriň öňüne oklaň».


Onsoň men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men hiç haçan özümi haram eden däldirin, men ýaşlygymdan tä şu wagta çenli hiç wagt maslyk ýa parçalanan haýwan iýmedim, agzyma haram et degirmedim» diýdim.


Guş bolsun ýa haýwan bolsun, parhy ýok, haram ölen ýa parçalanan zady ruhany iýmeli däldir».


Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.


Kimde-kim bularyň maslygynyň islendik bölegini göterse, ol eşiklerini ýuwsun we agşama çenli haram saýylsyn.


Dört aýakly jandarlaryň arasynda penjesini ýere urup ýöreýänleriniň bary siziň üçin haramdyr. Kimde-kim bu haýwanlaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.


Olaryň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun, ol agşama çenli haram saýylsyn. Çünki bu haýwanlar siziň üçin haramdyr.


Süýreniji jandarlardan şular size haramdyr. Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.


Bularyň biriniň maslygy bir zadyň üstüne gaçsa, şol zat haram bolar. Ol islendik ulanylýan zat: agaç gap bolsun, eginbaş bolsun, deri bolsun, halta bolsun – parhy ýok, olar suwa sokulyp çykarylmalydyr we ol agşama çenli haram saýylmalydyr. Şondan soň ol halal bolar.


Eger halal jandarlaryň biri ölüp, onuň maslygyna galtaşan her kes, agşama çenli haram saýylsyn.


Onuň etinden iýen adam, eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn; onuň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn.


Suwuklyk akmasy bar adamyň oturan islendik zadyna galtaşan adam agşama çenli haramdyr. Haram adamyň oturan islendik zadyny göteren geýimlerini ýuwsun, suwa düşsün. Ol agşama çenli haramdyr.


Onuň düşegine galtaşan adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.


Onuň ýorgan-düşegine galtaşan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.


Ruhany haram ölen ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etinden iýip, özüni haram etmesin. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Ölen malyň ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan malynyň ýagy her hili maksatlar üçin ulanylyp bilner, emma ol hiç haçan iýilmeli däldir.


Tämiz adam haram kişileriň üstüne suwy üçünji we ýedinji günler sepelesin. Ýedinji gün olar tämizlenerler. Soňra olar geýimlerini ýuwsunlar we suwa düşsünler, agşama çenli olar tämizlenerler.


Bu olar üçin ebedilik düzgün bolsun. Tämizlik suwuny sepýän adam geýimlerini ýuwsun. Tämizlik suwuny ellän adam agşama çenli haramdyr.


Sygry oda ýakan adam hem geýimlerini ýuwsun we suwa düşsün. Ol hem agşama çenli haramdyr.


Haram ölen haýwanlaryň hiç biriniň etini iýmäň. Olary galalaryňyzda ýaşaýan gelmişeklere iýmäge beriň, keseki ýurtlulara satyň. Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň.


Men: «Muny sen bilýänsiň, agam!» diýip jogap berdim. Ýaşuly: «Bular şol agyr muşakgatlary başdan geçirenler. Olar öz lybaslaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, olary ap-ak etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ