Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 17:10 - Mukaddes Kitap

10 Eger ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden biri gan iýse, Men ondan ýüz öwrerin we ony öz halkyndan çetleşdirerin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Эгер ысрайыл халкындан я-да оларың арасында яшаян гелмишеклерден бири ган ийсе, Мен ондан йүз өврерин ве оны өз халкындан четлешдирерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 17:10
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne olaryň etini gany bilen iýmäň. Jan gandadyr.


Ol: «Meni beýtmekden sakla, ýa Reb! Janlaryny howp astyna salyp giden adamlaryň ganyny, heý-de, men içip bilerinmi?!» diýip, suwdan içmek islemedi. Bu üç batyr ýigit şeýle edermenlikler görkezipdi.


Şikeslini ýaňsylaýan hudaýsyzlar dek, olar maňa dişlerini gyjaýardylar.


Ruhanydan başga kimde-kim şonuň ýaly atyr ýasasa we biriniň üstüne guýsa, öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar».


Men bu şähere ýagşylyk däl-de, betbagtlyk indermek kararyna geldim. Muny Reb aýdýandyr. Bu Babyl patyşasynyň eline berler we ol hem muny oda ýakar“.


Şonuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men üstüňizden betbagtlyk inderip, tutuş ýahuda halkynyň soňuna çykmak kararyna geldim.


Ol adamdan ýüzümi öwrüp, ony alamata we tymsala öwrerin, ony halkymyň içinden sogrup taşlaryn. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Men olardan ýüzümi öwrerin. Olar bir otdan gaçyp gutulsalar-da, beýleki bir ot barybir olary ýandyrar. Olara garşy çykanymda, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Şonuň üçin olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Siz eti gany bilen iýýärsiňiz, gözleriňizi butlaryňyza dikýärsiňiz, gan dökýärsiňiz; onsoň ýurdy siz miras alarmysyňyz?


Çünki her bir jandaryň jany onuň ganyndadyr. Şoňa görä-de, Men gany size gurbanlyk sypasynda janlaryňyzy günäleriňizden saplamagyňyz üçin berdim, çünki sizi günäleriňizden saplaýan gandyr.


Hiç bir eti gany bilen iýmäň. Siz pal atmaň, jadygöýlik etmäň.


Men sizden ýüz öwrerin, duşmanlaryňyz sizden üstün çykarlar, ýagylaryňyz üstüňizden höküm sürerler. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, dowla düşüp gaçarsyňyz.


Siz nirede ýaşasaňyz-da, etiň ýagyny we ganyny iýmäň. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun“».


Duşmanlarynyň öňüne düşüp, ýesirlige gitseler-de, ol ýerde gylyja buýruk bererin; ol-da olary öldürer. Men olardan nazarymy aýyrmaryn, emma ýagşylyk üçin däl-de, ýamanlyk üçin şeýderin».


Gaýtam, olara hat ýazyp, şeýle diýeliň: „Butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň“.


butlara hödürlenen gurbanlyk etini iýmekden, zynadan, damagy çalynmadyk haram haýwanyň etinden we ganyndan daş duruň. Şulardan saklansaňyz, ýagşy iş edersiňiz. Hoş, sag-salamat boluň».


Emma siz ol maly gany bilen iýmeli dälsiňiz. Onuň ganyny suw döken ýaly edip, ýere döküň.


Emma gaty seresap boluň, eti gany bilen iýmeli dälsiňiz, çünki gan jandyr. Siz gany et bilen iýmeli dälsiňiz.


Ýöne siz maly gany bilen iýmeli dälsiňiz. Gany suw döken ýaly edip, ýere döküň.


Şeýle bolsa, Hudaýyň Ogluny aýak astyna salana ondan-da agyr jezanyň garaşýandygyny göz öňüne getirip görüň! Mesihiň äht gany bilen päklenip, soňam muny murdar hasaplaýanyň we merhemet Ruhuny ryswa edýäniň haly niçik bolar?


Ahyry, halaýyk ele salnan oljalaryň üstüne çozdy. Olar goýunlaryň, öküzlerdir sygyrlaryň damagyny çalyp, ganyny akdyrman, olaryň etini gany bilen bile bişirip iýdiler.


«Ganly et iýip, halk Rebbiň öňünde günä gazanýar, ony bir görsene» diýip, Şawula habar berdiler. Ol: «Siz haýynlyk etdiňiz. Indi meniň ýanyma uly bir daşy togalap getiriň» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ