Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 16:5 - Mukaddes Kitap

5 Ysraýyl halky bolsa günä gurbanlygy üçin iki erkeji we ýakma gurbanlygy üçin bir goçy ruhana getirip bersin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Ысрайыл халкы болса гүнә гурбанлыгы үчин ики эркеҗи ве якма гурбанлыгы үчин бир гочы рухана гетирип берсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 16:5
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar patyşalyk, mukaddes öý we ýahuda halky üçin günä gurbanlygy hökmünde ýedi öküz, ýedi goç, ýedi guzy we ýedi teke getirdiler. Patyşa Harunyň nesillerine – ruhanylara olary gurbanlyk sypasynda Rebbe bermegi tabşyrdy.


Olar Hudaýyň öýüniň bagyşlanma dabarasynda bir ýüz öküzi, iki ýüz goçy, dört ýüz guzyny we Ysraýyl tireleriniň sanyna görä, bütin ysraýyl halky üçin günä gurbanlygy hökmünde on iki erkeji gurbanlyk berdiler.


Dowarlardan alnan janly ýakma gurbanlyk berilýän bolsa, onda bu gurbanlyk janlysy hiç bir şikessiz goç ýa-da erkeç bolsun.


Soňra ol günä gurbanlygynyň öküzçesini idip getirdi. Harun we onuň ogullary, ellerini öküzçäniň kellesine goýdular.


«Haruny we onuň ogullaryny, olaryň ruhanylyk lybaslaryny, mesh ýagyny, günä gurbanlygy üçin berilýän öküzçäni, iki sany goçy we petirli sebedi al-da, bütin halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna üýşür».


Ol Haruna şeýle diýdi: «Özüňe günä gurbanlygy üçin bir şikessiz göläni, ýakma gurbanlygy üçin hem bir şikessiz goçy alyp, olary Rebbe hödür et.


Günäden saplaýan günä gurbanlygynyň, gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň, onuň galla we içgi sadakasynyň daşyndan bir tekäni günä gurbanlygy hökmünde hödür ediň.


Musanyň Kanuny ynsan höweslerimiziň hötdesinden gelip bilmänsoň, bizi halas edip bilmedi. Kanunyň başarmadyk işini Hudaý amala aşyrdy. Hudaý dünýädäki günä sebäpli Öz Ogluny bir günäkär ynsan kimin iberdi-de, Ol arkaly günäni höküm etdi. Hudaý muny Kanunyň adalatly talaplarynyň bizde berjaý bolmagy üçin amal etdi. Şunlukda, biz indi ynsan höweslerimize görä däl-de, Mukaddes Ruha görä ýaşaýarys.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ