Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 16:4 - Mukaddes Kitap

4 Harun iň mukaddes otaga girmezinden öň suwa düşünip, nepis zygyr matadan tikilen mukaddes dony geýsin. Donuň aşagyndan zygyr matadan tikilen içki geýimleri geýsin we biline zygyr matadan edilen guşagy guşanyp, kellesine zygyr matadan selle oransyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Харун иң мукаддес отага гирмезинден өң сува дүшүнип, непис зыгыр матадан тикилен мукаддес доны гейсин. Донуң ашагындан зыгыр матадан тикилен ички гейимлери гейсин ве билине зыгыр матадан эдилен гушагы гушанып, келлесине зыгыр матадан селле орансын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 16:4
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Agaň Harunyň hormatyny we owadanlygyny bezär ýaly, oňa ruhany geýimlerini tik.


Haruny we onuň ogullaryny Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getir we olary suw bilen ýuwundyr.


Olar Maňa ýüz tutulýan çadyra girenlerinde ýa-da gurbanlyk sypasynda ot üsti bilen Maňa gurbanlyk bermäge gelenlerinde, şol suw bilen ýuwunsynlar. Şonda olar ölmezler.


Soňra Haruny we onuň ogullaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getirip, olary suw bilen ýuw.


Ol Rebbiň öňünde näzik maýsa dek, gury ýerdäki kök deý ösdi; biziň oňa serederimiz ýaly, onda ne şekil, ne syrat bardy, arzuwlarymyz ýaly keşp ýokdy.


Olar halkyň ýanyna daşky howla çykanlarynda, eginlerindäki eşiklerini çykaryp, olary mukaddes otagda goýarlar; ol eşikleri bilen halka mukaddesliklerini geçirmezlik üçin başga eşikler geýsinler.


Ine, demirgazyk tarapdaky ýokarky derwezäniň ýolundan alty adam geldi. Her biriniň elinde gyrýan ýaragy bardy, aralarynda bolsa eginbaşy nepis zygyr matadan tikilen we bili ýazuw esbaply bir adam bardy. Olar içeri girip, bürünç gurbanlyk sypasynyň ýanynda durdular.


Şondan soň Harun Rebbe ýüz tutulýan öýe girsin-de, iň mukaddes otaga gireninde geýen nepis zygyr matadan tikilen lybaslaryny çykaryp, olary iň mukaddes otagda goýsun.


Harun mukaddes ýerde suwa düşünip, özüniň gündelik geýýän geýimlerini geýsin. Soňra çykyp, özi üçin we halk üçin ýakma gurbanlyklaryny hödürläp, özüni hem-de halky günälerinden saplasyn.


Atasynyň ýerine ruhanylyga bellenip, bagyş edilen ruhany nepis zygyr matadan tikilen mukaddes lybaslaryny geýip, sizi günäleriňizden saplasyn.


Ertesi irden ruhany egnine nepis zygyr matadan tikilen içki geýimini we onuň üstünden zygyr matadan tikilen lybaslaryny geýsin. Soňra ol gurbanlyk sypasynyň üstündäki otda ýanan ýakma gurbanlyk malynyň külüni aýryp, ony gurbanlyk sypasynyň gapdalynda goýsun.


ýa ýiten zady tapyp alybam, bu hakda ýalandan ant içip, ynsanyň edäýjek zatlarynyň birini edip günä gazanyp, soňam öz eden günäsine düşünip, zorluk ýa-da hile bilen alan ýa-da özüne amanat berlen, ýa-da biri tarapyndan ýitirilen we özüniň tapan zadyny,


Perişde oňa: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, Beýik Hudaýyň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak çaga Mukaddes saýylar, Oňa Hudaýyň Ogly diýler.


Gaýtam, bir gul kimin bolup, ynsan keşbinde bu dünýä indi, Ol Özüni asla hiç etdi. Ol ynsan sypatyna girip,


Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.


Bu çagalar ynsan bolandyklary üçin, Isa hem olar ýaly ynsan boldy. Ölüme duçar edýän iblisi Ol Öz ölümi arkaly ýok etdi we


Bize hut şunuň ýaly – mukaddes, ýazyksyz we päk Baş Ruhany gerekdi. Ol günälilerden aýrylyp, göklerden hem ýokary göterilendir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ