Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 16:34 - Mukaddes Kitap

34 Ysraýyl halkyny ähli günälerinden ýylda bir gezek saplamak siziň üçin ebedilik düzgün bolsun». Musa Rebbiň tabşyryşy ýaly etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 Ысрайыл халкыны әхли гүнәлеринден йылда бир гезек сапламак сизиң үчин эбедилик дүзгүн болсун». Муса Реббиң табшырышы ялы этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 16:34
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çyra Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, Äht sandygynyň öňündäki tutynyň daş ýüzünde ýanyp dursun. Harun we onuň ogullary çyrany Rebbiň huzurynda ertirden agşama çenli ýaksynlar. Bu ysraýyllar üçin nesilme-nesil dowam etjek ebedilik düzgün bolsun.


Ýylda bir gezek Harun onuň burçlarynda günäden saplanma gurbanlygyny bersin. Günäden saplanmak üçin öldürilen malyň ganyny döküp, ýylda bir gezek nesillerboýy günä gurbanlygyny ber. Sypa Rebbe bagyş edilendir».


Musa ähli işiň edil Rebbiň buýruşy ýaly ýerine ýetirilendigini görende, ysraýyllara alkyş aýtdy.


Şol gün siz hiç işlemäň, çünki bu siziň Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda günäleriňizden saplanmagyňyz üçin, günäden saplanma günüdir.


Siz şol gün işlemäň, bu siziň bütin nesilleriňiz üçin nirede ýaşaýandyklaryna garamazdan, ebedilik düzgün bolsun.


Musa bu tabşyryklary ysraýyl halkyna bereninden soň, olar Rebbe dil ýetiren adamy düşelgäniň daşyna çykaryp daşladylar. Şeýle etmek bilen ysraýyl halky Rebbiň Musa beren tabşyrygyny ýerine ýetirdi.


Siz nirede ýaşasaňyz-da, etiň ýagyny we ganyny iýmäň. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun“».


Şu ýedinji aýyň onunjy güni siz mukaddes ýygnanyşyk geçirip, öz islegiňizi terk edip, agyz bekläň, şol gün işlemäň.


Sebäbi Ol mukaddes edýänlerini ýeke-täk gurbanlyk bilen hemişelik kämil etdi.


Emma ol gurbanlyklar her ýyl ynsanlara günälerini ýatladýardy.


Baş ruhany iň mukaddes otaga her ýyl girip, gurbanlyk janlysynyň ganyny hödür edýärdi, emma Mesih göge girmek üçin Özüni öwran-öwran gurban etmedi.


Emma çadyryň içki otagyna ýylda bir gezek diňe baş ruhany girýärdi. Ol özi üçin we halkyň bilmezlikden eden günäleri üçin hödürlemäge ýany bilen hemişe gurbanlyk ganyny almalydy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ