Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 16:29 - Mukaddes Kitap

29 Bu siziň üçin ebedilik düzgün bolsun: ýedinji aýyň onunjy güni siz gije-gündiz agyz bekläp, işlemäň. Şol gün ýerli halk-da, araňyzda ýaşaýan gelmişekler-de işlemesin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Бу сизиң үчин эбедилик дүзгүн болсун: единҗи айың онунҗы гүни сиз гиҗе-гүндиз агыз бекләп, ишлемәң. Шол гүн ерли халк-да, араңызда яшаян гелмишеклер-де ишлемесин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 16:29
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bütin ysraýyl halky ýedinji aý bolan Etanym aýynda, Çatma baýramynda Süleýman patyşanyň ýanyna ýygnanyşdy.


Ysraýyllar öz galalarynda ýerleşenlerinden soň, ýedinji aýda ähli ilat Iýerusalime ýygnandy.


Hudaýymyzyň öňünde özümizi peseldip, ýolda bizi, balalarymyzy we ähli emlägimizi goramagyny Ondan diläp, Ahawa derýasynyň boýunda agyz beklemegi yglan etdim.


Betkärler ol ýerde ýykyldylar, ýere ýazyldylar, galyp bilmeýärler.


Birinji günde we ýedinji günde siz mukaddes ýygnanyşyk etmelisiňiz. Şol günler ýekeje iş hem edilmeli däldir, diňe öz iýjek zatlaryňyzy taýýarlaň.


Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüň, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek hijisi bir iş hem etmesin.


Ýylda bir gezek Harun onuň burçlarynda günäden saplanma gurbanlygyny bersin. Günäden saplanmak üçin öldürilen malyň ganyny döküp, ýylda bir gezek nesillerboýy günä gurbanlygyny ber. Sypa Rebbe bagyş edilendir».


Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetiriň, sebäbi bu gün siziň üçin aýratyndyr. Kimde-kim ony harlasa, ölüme höküm ediler. Şol gün iş eden adam öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar.


Alty günüň dowamynda işleriňizi edip boluň, emma ýedinji gün dynç alyň. Çünki ol Rebbe bagyş edilendir. Sabat güni iş eden adam ölüme höküm ediler.


Sabat gününi bozmakdan, mukaddes günümde isläniňizi etmekden saklansaňyz, Sabat gününi ýakymly, Rebbiň mukaddes gününi hormatly saýsaňyz, özüňize ýaraýany etmän, isläniňizi etmän, boş sözleri sözlemän, ol güni hormatlasaňyz,


Olar: «Biz agyz bekledik, näme üçin görmeýärsiň? Özümizi kiçeltdik, näme üçin üns bermeýärsiň?» diýýärler. Ine, siz agyz beklän günüňiz öz isläniňizi edýärsiňiz, işçileriňizi agyr işledýärsiňiz.


Meniň saýlan agyz beklemäm, ynsanyň özüni kiçeltmeli güni şeýle bolarmy? Gamyş kimin başyňyzy egip, juluň, külüň üstünde ýatmak üçinmi? Siz muňa agyz bekleme, Rebbe ýaramly gün diýýärsiňizmi?


Ol sözüni dowam edip, maňa şeýle diýdi: «Danyýel, gorkma, çünki düşünmegi ýüregiňe düwen we Hudaýyňyň öňünde özüňi pespäl tutan ilkinji günüňden başlap, seniň sözleriň diňlendi we men seniň sözleriň sebäpli geldim.


Üç hepde doly tamamlanýança, tagamly nahar iýmedim. Agzyma ne et, ne şerap degdi, bedenime hem hiç hili ýag çalmadym.


Şol gün siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. Bu nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun.


Alty günläp işläň, ýedinji gün Sabatdyr, ol doly dynçlyk we mukaddes ýygnanyşyk günüdir. Şol gün siz hiç hili iş etmäň. Nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, şol Sabat güni Rebbe degişlidir.


Ýedi günläp, Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýlaryny hödürläň. Sekizinji gün halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýlaryny hödürläň. Şol gün siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň we işlemäň.


Onsoň ýedinji aýyň onunjy güni surnaý batly çalynsyn. Günäden saplanma güni surnaý bütin ýurduňyzda çalynsyn.


Siz nirede ýaşasaňyz-da, etiň ýagyny we ganyny iýmäň. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun“».


Şu ýedinji aýyň onunjy güni siz mukaddes ýygnanyşyk geçirip, öz islegiňizi terk edip, agyz bekläň, şol gün işlemäň.


Biz köp wagtymyzy ýitirdik. Indi deňizde ýüzmek üçin howa örän howpludy, sebäbi güýz ahyrlap barýardy. Pawlus olara maslahat berip:


Biz ilki özümizi synap gören bolsadyk, onda höküme uçramazdyk.


Hudaý Öz işlerinden dynyp, nähili dynç alan bolsa, Onuň dynçlyk mekanyna giren adam hem öz işlerinden dynyp, şeýle dynç alýandyr.


Olar Mispada ýygnanyşdylar. Olar guýudan suw çekip, ony Rebbiň huzurynda ýere döküp: «Biz Rebbiň öňünde günä gazandyk» diýip, şol gün agyz beklediler. Şeýdip, Şamuwel Mispada ysraýyllara serdar boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ