Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 16:26 - Mukaddes Kitap

26 Günä alyp gidýän erkeji çöle goýberen adam geýimlerini ýuwup, suwa düşüneninden soň, ol düşelgä girip biler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Гүнә алып гидйән эркеҗи чөле гойберен адам гейимлерини ювуп, сува дүшүненинден соң, ол дүшелгә гирип билер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 16:26
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.


Kimde-kim bularyň maslygynyň islendik bölegini göterse, ol eşiklerini ýuwsun we agşama çenli haram saýylsyn.


Dört aýakly jandarlaryň arasynda penjesini ýere urup ýöreýänleriniň bary siziň üçin haramdyr. Kimde-kim bu haýwanlaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.


Olaryň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun, ol agşama çenli haram saýylsyn. Çünki bu haýwanlar siziň üçin haramdyr.


Süýreniji jandarlardan şular size haramdyr. Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.


Bularyň biriniň maslygy bir zadyň üstüne gaçsa, şol zat haram bolar. Ol islendik ulanylýan zat: agaç gap bolsun, eginbaş bolsun, deri bolsun, halta bolsun – parhy ýok, olar suwa sokulyp çykarylmalydyr we ol agşama çenli haram saýylmalydyr. Şondan soň ol halal bolar.


Eger halal jandarlaryň biri ölüp, onuň maslygyna galtaşan her kes, agşama çenli haram saýylsyn.


Onuň etinden iýen adam, eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn; onuň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn.


Tämizlenmeli adam geýimlerini ýuwup, endamyndaky ähli tüýlerini syryp ýuwunsyn. Şonda ol tämiz bolar. Soňra ol düşelgä girsin, ýöne ýedi gün geçýänçä, öz çadyryna girmesin.


Bu zatlara galtaşan her kes-de haram bolar. Ol eşiklerini ýuwup, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.


Günä alyp gidýän erkeç bolsa halky günäsinden saplamak üçin, diriligine Rebbiň huzuryna getirilip, soňra çöle kowulsyn.


Ol günä gurbanlygynyň ýagyny gurbanlyk sypasynda ýaksyn.


Olary ýakan adam geýimlerini ýuwup, suwa düşüneninden soň, ol düşelgä girip biler.


Onsoň Harun iki erkeç üçin bije atsyn: bir erkeç Rebbe gurbanlyk hökmünde hödürlensin, beýlekisi bolsa günä alyp gidýän erkeç bolar.


Bu olar üçin ebedilik düzgün bolsun. Tämizlik suwuny sepýän adam geýimlerini ýuwsun. Tämizlik suwuny ellän adam agşama çenli haramdyr.


Çünki kanun hiç bir zady kämilleşdirmedi. Indi munuň deregine bizi Hudaýa ýakynlaşdyrýan has oňat bir umyt berildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ