Harun mukaddes ýerde suwa düşünip, özüniň gündelik geýýän geýimlerini geýsin. Soňra çykyp, özi üçin we halk üçin ýakma gurbanlyklaryny hödürläp, özüni hem-de halky günälerinden saplasyn.
Siz salamatlyk gurbanlygyndan bar içýaglary hem-de garyn içegeleriň daşyndaky bar ýagy, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen, bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alyp, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýy hökmünde hödür ediň.