Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 16:20 - Mukaddes Kitap

20 Harun iň mukaddes otagy, Rebbe ýüz tutulýan öýi we gurbanlyk sypasyny halallandan soň, diri erkeji Rebbiň huzuryna getirsin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Харун иң мукаддес отагы, Реббе йүз тутулян өйи ве гурбанлык сыпасыны халалландан соң, дири эркеҗи Реббиң хузурына гетирсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 16:20
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýalňyşlyk bilen ýa-da bilmän günä eden adam üçin-de aýyň ýedisine şeýle edersiňiz; şunlukda, öýi-de murdarlykdan saplarsyňyz.


Ysraýyl halkynyň haramlyklary we olaryň bar etmişleri, günäleri zerarly Harun iň mukaddes otagy halallasyn. Ol Rebbe ýüz tutulýan öýi-de halallasyn, çünki Rebbe ýüz tutulýan bu öý murdarlykdan doly düşelgäniň ortarasyndadyr.


Ol barmaklary bilen ýedi sapar gurbanlyk sypasynyň üstüne gan sepeläp, ony ysraýyl halkynyň haramlyklaryndan tämizläp, mukaddes etsin.


Onsoň Harun ellerini diri erkejiň başyna goýup, ysraýyl halkynyň bar pisliklerini, etmişlerini we günälerini boýun alsyn. Ruhany şeýle etmek bilen halkyň günäsini erkeje geçirip, ony ýörite çöle boşadyp ibermek üçin bellenen adam bilen çöle ibersin.


Emma mukaddes otagda günäden saplamak üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň içine gany getirilen günä gurbanlygy üçin berlen malyň eti iýilmeli däldir. Ol oda ýakylmalydyr.


Musa öküzçäniň damagyny çaldy. Ol öküzçäniň ganyndan alyp, ony gurbanlyk sypasynyň şahlaryna barmagy bilen çalyp, gurbanlyk sypasyny halallady. Galan gany bolsa, ol gurbanlyk sypasynyň düýbüne dökdi. Şeýdip, Musa gurbanlyk sypasyny halallamak üçin ony mukaddes etdi.


Isa Mesih biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyrylyp, Hudaýyň nazarynda aklanylmagymyz üçin direldildi.


Hudaýyň halkyny kim höküm edip biler? Hiç kim, sebäbi ölümden direlen Isa Mesih Hudaýyň sagynda oturyp, biziň üçin töwella edýär.


Hawa, Hudaý ynsanlaryň günälerini hasaba alman, Isa Mesih arkaly dünýäni Özi bilen ýaraşdyrdy. Ýaraşdyrma baradaky habaryny bolsa bize tabşyrdy.


Mesihiň haçda döken gany arkaly parahatçylygy berkarar edip, Hudaý ýerdäki we gökdäki ähli zady Özi bilen ýaraşdyrmagy makul bildi.


Şeýlelikde, Isa Özi arkaly Hudaýa gelýänleri ebedilik halas etmegi başarýandyr. Çünki Isa Mesih olar üçin hemişe Hudaýa töwella edýär.


Men diridirin. Ölüdim, ýöne, ine, indi ebedilik diridirin. Ölümiň-de, ölüler dünýäsiniň-de açary Mendedir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ