Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 16:18 - Mukaddes Kitap

18 Soňra ol çykyp, Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasyny halallasyn. Öküzçäniň we erkejiň ganyndan alyp, gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Соңра ол чыкып, Реббиң хузурындакы гурбанлык сыпасыны халалласын. Өкүзчәниң ве эркеҗиң ганындан алып, гурбанлык сыпасының шахларына чалсын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 16:18
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýylda bir gezek Harun onuň burçlarynda günäden saplanma gurbanlygyny bersin. Günäden saplanmak üçin öldürilen malyň ganyny döküp, ýylda bir gezek nesillerboýy günä gurbanlygyny ber. Sypa Rebbe bagyş edilendir».


Onuň ganyndan al-da, gurbanlyk sypasynyň dört şahyna, diwaryň dört burçuna we töwerekleýin ýabyň gyrasyna çal; bu ony tämizläp, haramlygyndan sapladygyň bolar.


Ikinji gün günä gurbanlygy hökmünde şikessiz bir erkeji hödür et we gurbanlyk sypasyny öküzçe bilen nähili tämizlän bolsaň, ýene-de şeýdip tämizle.


Ruhany bolsa günä gurbanlygynyň ganyndan alyp, öýüň gapylarynyň söýelerine, gurbanlyk sypasynyň diwarynyň dört burçuna we içki howlynyň derwezeleriniň söýelerine çalsyn.


Ysraýyl halkynyň haramlyklary we olaryň bar etmişleri, günäleri zerarly Harun iň mukaddes otagy halallasyn. Ol Rebbe ýüz tutulýan öýi-de halallasyn, çünki Rebbe ýüz tutulýan bu öý murdarlykdan doly düşelgäniň ortarasyndadyr.


Harun günäden saplamak üçin, iň mukaddes otaga girip, özüni, maşgalasyny we bütin ysraýyl halkyny günälerinden saplap, daşaryk çykýança, Rebbe ýüz tutulýan otagda hiç kim bolmasyn.


Soňra baş ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrda Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasynyň şahlaryna biraz gan çalsyn. Galan gany bolsa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


Ruhany bolsa günä gurbanlygy üçin damagy çalnan janlynyň ganyna barmagyny batyryp, ony ýakma gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çalsyn. Galan gany bolsa ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


Soňra baş ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdaky – Rebbiň huzuryndaky ýakymly ysly tütetgi ýakylýan gurbanlyk sypasynyň şahlaryna biraz gan çalsyn. Öküzçäniň galan ganyny bolsa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.


Olar günälerinden saplanmak üçin, günä gurbanlygy hökmünde bir tekäni gurbanlyk etsinler.


Olar hem Seniň hakykatyň arkaly mukaddes bolary ýaly, Men Özümi Saňa bagyş etdim.


Ynsanlary mukaddes edýän Isa we Ol arkaly mukaddes edilenler indi bir maşgala degişlidir. Şonuň üçin hem Isa olara dogan diýmekden utanmaýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ