Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 16:15 - Mukaddes Kitap

15 Soňra Harun halk üçin günä gurbanlygyna niýetlenen erkejiň damagyny çalyp, onuň ganyny iň mukaddes otaga getirsin. Onuň ganyny-da, öküzçäniň ganyny edişi ýaly, Äht sandygynyň gapagynyň üstüne we öňüne sepelesin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Соңра Харун халк үчин гүнә гурбанлыгына ниетленен эркеҗиң дамагыны чалып, онуң ганыны иң мукаддес отага гетирсин. Онуң ганыны-да, өкүзчәниң ганыны эдиши ялы, Әхт сандыгының гапагының үстүне ве өңүне сепелесин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 16:15
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra baş ruhany öküzçäni düşelgäniň daşyna çykardyp, ony-da birinji öküzçäni ýakdyryşy ýaly edip ýakdyrsyn. Bu halkyň günä gurbanlygydyr.


Onsoň başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhany öküzçäniň ganyndan birazragyny alyp, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyra getirsin.


Musa hemme zady edil Rebbiň buýruşy ýaly etdi.


Gündelik berilýän ýakma gurbanlygy bilen içgi sadakasyndan başga-da, Rebbe günä gurbanlygy üçin bir teke hödür edilsin.


Şonuň üçin Ol her jähtden biz doganlaryna meňzemeli boldy. Şeýdip, Ol halkyň günälerini päkleýändir we Hudaýyň hyzmatynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhanydyr.


Şu sebäpden ol halkyň-da, özüniň-de günäleri üçin gurbanlyk bermäge borçludyr.


Bu umyt janymyzy berk hem howpsuz saklaýandyr, ol göklerdäki çadyryň tutusynyň aňyrsyna geçýändir.


Öňki ruhanylar her gün ilki öz günäleri, soňra halkyň günäleri üçin gurbanlyk hödürlemelidiler. Emma Isa olaryňky ýaly etmegiň geregi ýok, sebäbi Ol ähli zat üçin Özüni bir gezekde gurban edip, bu işi bitirdi.


Ol Iň mukaddes otaga erkeçleriň, göleleriň gany bilen däl-de, Öz gany bilen girip, bir gezekde biziň baky azatlygymyzy gazandy.


Öňler erkeçleriň we öküzleriň ganyny hem-de ýakylan göläniň külüni murdar adamlaryň üstüne sepip, olary tämizlärdiler.


Çadyryň içki tutusynyň aňyrsynda Iň mukaddes otag diýlip atlandyrylýan ýene bir otag bardy.


Emma çadyryň içki otagyna ýylda bir gezek diňe baş ruhany girýärdi. Ol özi üçin we halkyň bilmezlikden eden günäleri üçin hödürlemäge ýany bilen hemişe gurbanlyk ganyny almalydy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ