Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 16:12 - Mukaddes Kitap

12 Harun Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasynda ýanýan oduň közlerinden doldurylan kül atary we owradylan ýakymly ysly tütetgiden iki gysym alyp, iň mukaddes otaga girsin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Харун Реббиң хузурындакы гурбанлык сыпасында янян одуң көзлеринден долдурылан күл атары ве оврадылан якымлы ыслы түтетгиден ики гысым алып, иң мукаддес отага гирсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 16:12
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

mesh ýagy we mukaddes öý üçin ýakymly ysly tütetgi. Olar bulary edil Meniň saňa buýruşym ýaly etsinler».


Ol atyr ýasaýjynyň garylmagy bilen mukaddes mesh ýagyny we ýakymly ysly tütetgi hem taýýarlady.


Bir gün Harunyň ogullary Nadap bilen Abyhu kül atarlaryny alyp, oňa köz saldylar we onuň üstüne ýakymly ysly tütetgini goýup, ony Rebbiň huzuryna eltdiler. Emma bu ot mukaddes däldi, çünki Reb ony olara hödürläň diýip tabşyryk bermändi.


Şeýdip, her kim öz tütetgi gabynda ot ýakyp, üstüne-de ýakymly ysly tütetgi goýup, Musa we Harun bilen bile Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde durdular.


Musa Haruna şeýle diýdi: «Öz tütetgi ýakylýan gabyňy al, oňa gurbanlyk sypasyndan köz alyp sal, onuň üstüne-de ýakymly ysly tütetgini goýup, halky günälerinden saplamak üçin, çaltlyk bilen olaryň arasyna bar. Çünki Rebbiň gahar-gazaby tutaşdy, gyrgynçylyk başlandy».


Seniň hökümleriňi Ýakuba, Kanunyňy Ysraýyla öwreder. Seniň huzuryňda hoşboý buhur, gurbanlyk sypaňda başbitin ýakma gurbanlygyny ýakar.


Eger şeýle eden bolsalar, onda Mesihiň gany arkaly has-da beýik işler edip bolar! Şeýdip, Mesih ebedi Ruhuň gudraty arkaly Özüni müýnsüz gurbanlyk hökmünde Hudaýa hödürledi. Onuň döken gany biziň wyždanymyzy ölüme eltýän işlerden päkleýär, şonda biz diri Hudaýa gulluk edýäris.


Emma çadyryň içki otagyna ýylda bir gezek diňe baş ruhany girýärdi. Ol özi üçin we halkyň bilmezlikden eden günäleri üçin hödürlemäge ýany bilen hemişe gurbanlyk ganyny almalydy.


Emma Hudaýyň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr. Onuň Ogly Isanyň gany bizi ähli günäden tämizleýändir.


Perişde gaby alyp, ony gurbanlyk sypasyndaky otdan doldurdy-da, ony gökden ýere zyňdy. Şonda gök gürläp, güňleç gürrüldi eşidildi, ýyldyrym çakyp, ýer titredi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ