Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 15:5 - Mukaddes Kitap

5 Onuň ýorgan-düşegine galtaşan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Онуң ёрган-дүшегине галташан хер кес гейимлерини ювсун, сува дүшүнсин. Ол агшама ченли харамдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 15:5
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Indi meniň ýeňişli başym meni gurşan duşmanlarymyň depesinden garaýar. Şadyýanlyk şowhunyny Onuň çadyrynda hödür ederin; Rebbe nagma aýdyp, owaz ederin.


Emma Hudaý seni baky heläklär, seni tutup, çadyryňdan çekip çykarar, ýaşaýyş topragyndan köküňi sograr. Sela


Reb Musa şeýle diýdi: «Adamlaryň ýanyna bar, şu gün we ertir inlerini tämizlemegi buýur, goý, olar geýimlerini-de ýuwsunlar.


Ýuwnuň, tämizleniň, pis işleriňizi terk ediň gözümiň alnyndan, ýamanlyk etmegi bes ediň.


Hökmürowan Reb gulagyma: «Elbetde, ölýänçäňiz bu günäňizden saplanmarsyňyz» diýdi. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb diýýär.


Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.


Sizi ähli haramlygyňyzdan halas ederin. Men galla emr edip, ony köpelderin, size gaýdyp açlyk çekdirmerin.


Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.


Kimde-kim bularyň maslygynyň islendik bölegini göterse, ol eşiklerini ýuwsun we agşama çenli haram saýylsyn.


Olaryň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun, ol agşama çenli haram saýylsyn. Çünki bu haýwanlar siziň üçin haramdyr.


Bularyň biriniň maslygy bir zadyň üstüne gaçsa, şol zat haram bolar. Ol islendik ulanylýan zat: agaç gap bolsun, eginbaş bolsun, deri bolsun, halta bolsun – parhy ýok, olar suwa sokulyp çykarylmalydyr we ol agşama çenli haram saýylmalydyr. Şondan soň ol halal bolar.


Ýedinji gün ruhany gijilewük kesellini gözden geçirsin. Eger gijilewük endama ýaýramadyk bolsa we deriden aşak geçmedik bolsa, ruhany ony tämiz diýip yglan etsin. Ol eşiklerini ýuwsun, şondan soň ol tämiz bolar.


Ýedinji günde ruhany ony ýene gözden geçirsin. Eger deri keseli solup, endama ýaýramadyk bolsa, ruhany deri kesellini tämiz diýip yglan etsin. Bu diňe goturdyr, ol adam geýimlerini ýuwsun we diňe şondan soň ol tämiz bolar.


Onsoň ruhany sag eliniň barmagyny çep elindäki ýaga batyryp, ony ýedi gezek Rebbiň huzurynda sepelesin.


Erkek aýalyna ýanaşyp, ondan tohum aksa, erkegem, aýalam suwa düşünsinler. Olar agşama çenli haramdyrlar.


Onuň ýatýan ýorgan-düşegi, üstünde oturýan islendik zady harapdyr.


Suwuklyk akmasy bolan adamyň oturan ýerinde oturan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.


Günä alyp gidýän erkeji çöle goýberen adam geýimlerini ýuwup, suwa düşüneninden soň, ol düşelgä girip biler.


Olary ýakan adam geýimlerini ýuwup, suwa düşüneninden soň, ol düşelgä girip biler.


Haram ölen ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etini iýen kişi özüniň ýerli halkdan ýa-da gelmişekdigine garamazdan, geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr we soňra tämiz bolar.


Sygryň külüni ýygnan adam geýimlerini ýuwsun, ol agşama çenli haramdyr. Bu ysraýyllar üçin we olaryň arasynda ýaşaýan gelmişekler üçin ebedilik düzgündir.


Haram adamyň her bir ellän zady-da haram bolar. Haram adamy ellän kişi-de agşama çenli haramdyr».


Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.


Eger şeýle eden bolsalar, onda Mesihiň gany arkaly has-da beýik işler edip bolar! Şeýdip, Mesih ebedi Ruhuň gudraty arkaly Özüni müýnsüz gurbanlyk hökmünde Hudaýa hödürledi. Onuň döken gany biziň wyždanymyzy ölüme eltýän işlerden päkleýär, şonda biz diri Hudaýa gulluk edýäris.


Beýle bolsa, Mesih dünýä ýaradylaly bäri öwran-öwran ejir çekmeli bolardy. Muňa derek Ol adamlaryň günälerini ýuwmak üçin Özüni gurban etmek bilen ahyrky döwürde bir gezek geldi.


Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar. Eý, günäkärler, eliňizi günäden tämizläň. Eý, ikigöwünliler, kalbyňyzy päkläň.


Men: «Muny sen bilýänsiň, agam!» diýip jogap berdim. Ýaşuly: «Bular şol agyr muşakgatlary başdan geçirenler. Olar öz lybaslaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, olary ap-ak etdiler.


Ol gün Şawul sesini çykarmady, çünki ol: «Oňa bir zat bolandyr. Ol haramdyr, hawa, hakykatdan-da, ol tämiz däldir» diýip oýlandy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ