Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 15:27 - Mukaddes Kitap

27 Bu zatlara galtaşan her kes-de haram bolar. Ol eşiklerini ýuwup, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Бу затлара галташан хер кес-де харам болар. Ол эшиклерини ювуп, сува дүшүнсин. Ол агшама ченли харамдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 15:27
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.


Sizi ähli haramlygyňyzdan halas ederin. Men galla emr edip, ony köpelderin, size gaýdyp açlyk çekdirmerin.


Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.


Suwuklyk akmasy bar adam keselden gutulansoň, tämizlenmek üçin ýedi güni sanap geçirsin. Ol geýimlerini ýuwup, akar suwa düşsün. Şondan soň ol tämiz bolar.


Onuň düşegine galtaşan adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.


Onuň gan akmasy döwründe ýatýan ýorgan-düşegi, edil aýbaşy görýän döwründäki ýorgan-düşegi ýaly haram hasaplansyn. Aýalyň oturan islendik zady onuň aýbaşy görýän döwründäki ýaly haramdyr.


Aýalyň gan akmasy kesilenden soň, aradan ýedi gün geçsin. Diňe şondan soň, ol tämiz bolar.


Şol gün Dawudyň neslini hem-de Iýerusalimiň halkyny günäden we haramlykdan saplamak üçin bir çeşme çykar.


Haram adamyň her bir ellän zady-da haram bolar. Haram adamy ellän kişi-de agşama çenli haramdyr».


Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.


Eger şeýle eden bolsalar, onda Mesihiň gany arkaly has-da beýik işler edip bolar! Şeýdip, Mesih ebedi Ruhuň gudraty arkaly Özüni müýnsüz gurbanlyk hökmünde Hudaýa hödürledi. Onuň döken gany biziň wyždanymyzy ölüme eltýän işlerden päkleýär, şonda biz diri Hudaýa gulluk edýäris.


Emma Hudaýyň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr. Onuň Ogly Isanyň gany bizi ähli günäden tämizleýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ