Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 15:15 - Mukaddes Kitap

15 Ruhany guşlaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa, ýakma gurbanlygy üçin hödür etsin. Şeýdip, Rebbiň huzurynda ruhany ol adamy suwuklyk akmasy zerarly bolan haramlykdan tämizlesin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Руханы гушларың бирини гүнә гурбанлыгы, бейлекисини болса, якма гурбанлыгы үчин хөдүр этсин. Шейдип, Реббиң хузурында руханы ол адамы сувуклык акмасы зерарлы болан харамлыкдан тәмизлесин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 15:15
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.


Kimde-kim bularyň maslygynyň islendik bölegini göterse, ol eşiklerini ýuwsun we agşama çenli haram saýylsyn.


Dört aýakly jandarlaryň arasynda penjesini ýere urup ýöreýänleriniň bary siziň üçin haramdyr. Kimde-kim bu haýwanlaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.


Olaryň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun, ol agşama çenli haram saýylsyn. Çünki bu haýwanlar siziň üçin haramdyr.


Süýreniji jandarlardan şular size haramdyr. Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.


Bularyň biriniň maslygy bir zadyň üstüne gaçsa, şol zat haram bolar. Ol islendik ulanylýan zat: agaç gap bolsun, eginbaş bolsun, deri bolsun, halta bolsun – parhy ýok, olar suwa sokulyp çykarylmalydyr we ol agşama çenli haram saýylmalydyr. Şondan soň ol halal bolar.


Eger halal jandarlaryň biri ölüp, onuň maslygyna galtaşan her kes, agşama çenli haram saýylsyn.


Onuň etinden iýen adam, eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn; onuň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn.


Ruhany bu ýakma gurbanlyk janlysyny Rebbiň huzurynda hödür edip, ol aýaly haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol aýal gan akma haramlygyndan tämizlener. Ogul ýa-da gyz dograndygyna garamazdan, çaga dogran aýal üçin kanun şeýledir.


Eger dogran aýalyň tokla gurby çatmasa, onda ol iki gumryny ýa-da iki kepderini – birini ýakma gurbanlygy üçin, beýlekisini günä gurbanlygy üçin getirsin. Ruhany-da ol aýaly hödür eden ýakma gurbanlygy bilen haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol aýal tämiz bolar“».


Baş ruhany günä gurbanlygy üçin berlen öküzçe bilen näme eden bolsa, bu öküzçe bilen hem şeýle etsin. Ol günä gurbanlygy üçin berlen bu öküzçe bilen halky günäsinden saplasyn we Hudaý halkyň günäsini geçer.


Erkejiň bar ýagyny ruhany edil salamatlyk gurbanlygynyňky ýaly edip, gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen erkeç bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Edil salamatlyk gurbanlygynyň bar ýagyny alşy ýaly, ruhany bu geçiniň hem ähli ýagyny alsyn. Soňra Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen geçi bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Salamatlyk gurbanlygy üçin öldürilen goýnuň bar ýagynyň alnyşy ýaly, bu günä gurbanlygy üçin hödürlenen guzynyň hem ähli ýagy alynsyn. Ruhany ony alyp, Rebbe ot üsti bilen berlen beýleki gurbanlyklar bilen bile gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen guzy bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Ruhany bütin ysraýyl halkyny günäsinden saplasyn, şonda olaryň günäsi geçiler. Çünki halk tötänlikden günä etdi we olar öz sadakalaryny Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka hökmünde hödür etdiler. Öz ýalňyşlyklary üçin Rebbe günä gurbanlygyny berdiler.


Pinehas öz Hudaýyna wepadarlygyny görkezip, ysraýyllary günäsinden saplandygy üçin, oňa we onuň nesline ruhanylygy müdimilik bagyş edýärin“».


Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Söwer Ogly arkaly bize boldan-bol eçilen şöhratly merhemeti üçin Hudaýa öwgüler bolsun!


Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ