Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 14:8 - Mukaddes Kitap

8 Tämizlenmeli adam geýimlerini ýuwup, endamyndaky ähli tüýlerini syryp ýuwunsyn. Şonda ol tämiz bolar. Soňra ol düşelgä girsin, ýöne ýedi gün geçýänçä, öz çadyryna girmesin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Тәмизленмели адам гейимлерини ювуп, эндамындакы әхли түйлерини сырып ювунсын. Шонда ол тәмиз болар. Соңра ол дүшелгә гирсин, йөне еди гүн гечйәнчә, өз чадырына гирмесин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 14:8
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Uzyýa patyşa tä ölýänçä, deri keselinden ejir çekip, aýratyn ýerde ýaşady, ol Rebbiň öýünden çetleşdirilipdi. Patyşanyň ogly Ýotam ýurtdaky halka baştutanlyk edip, köşgi dolandyrdy.


Reb Musa şeýle diýdi: «Adamlaryň ýanyna bar, şu gün we ertir inlerini tämizlemegi buýur, goý, olar geýimlerini-de ýuwsunlar.


Şeýdip, Musa dagdan aşak, adamlaryň ýanyna düşdi we olara inlerini tämizlemegi buýurdy. Olar geýimlerini hem ýuwdular.


Kimde-kim bularyň maslygynyň islendik bölegini göterse, ol eşiklerini ýuwsun we agşama çenli haram saýylsyn.


Ruhany gurbanlyk sypasynyň üstünde ýakma gurbanlygyny we galla sadakasyny bersin. Şeýdip, ruhany ony haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol adam tämiz bolar.


Ýedinji gün ol saçyny, sakgalyny, gaşyny, endamyndaky ähli tüýlerini syrsyn. Soňra ol geýimlerini ýuwup, suwa düşünsin. Şonda ol tämiz bolar.


Suwuklyk akmasy bar adam keselden gutulansoň, tämizlenmek üçin ýedi güni sanap geçirsin. Ol geýimlerini ýuwup, akar suwa düşsün. Şondan soň ol tämiz bolar.


Şundan soň, Musa Haruny we onuň ogullaryny öňe çykaryp, olardan ýuwunmaklaryny talap etdi.


Eger gapdalyndakylaryň biri duýdansyzlykda ölüp, nazyryň mukaddes saçyny haram etse, onda ol tämizlenilýän gün bolan ýedinji güni saçyny syrsyn.


Olary tämizlemek üçin şeýle et: olaryň üstüne tämizlik suwuny sepele, onsoň olar bedenindäki ähli tüýleri syrsynlar, eşiklerini ýuwsunlar, şeýdip, özlerini tämizlesinler.


ony öýüňize alyp geliň. Ol aýal saçyny syrsyn we dyrnaklaryny alsyn.


Ine, bu suw häzirki sizi halas edýän çümdürilişiň nyşanydyr. Siz suwa çümdürileniňizde bedeniňiziň kiri ýuwlandygy üçin däl-de, Isa Mesihiň direlmegi arkaly päk wyždan bilen Hudaýa tarap öwrülendigiňiz üçin halas edildiňiz.


Men: «Muny sen bilýänsiň, agam!» diýip jogap berdim. Ýaşuly: «Bular şol agyr muşakgatlary başdan geçirenler. Olar öz lybaslaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, olary ap-ak etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ