Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 14:7 - Mukaddes Kitap

7 Onsoň ruhany deri keselinden tämizlenmeli adamyň üstüne gandan ýedi gezek sepeläp, ony tämiz diýip yglan etsin. Soňra ol guşy açyk meýdana uçuryp goýbersin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Онсоң руханы дери кеселинден тәмизленмели адамың үстүне гандан еди гезек сепеләп, оны тәмиз дийип ыглан этсин. Соңра ол гушы ачык мейдана учурып гойберсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 14:7
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Elýaşa onuň ýanyna bir habarçy ýollap: «Git-de, Iordan derýasynyň suwuna ýedi gezek ýuwun, şonda sen keseliňden saplanyp tämizlenersiň» diýdi.


Şeýdip, Nagaman gidip, Hudaýyň adamynyň aýdyşy ýaly ýedi gezek Iordan derýasyna çümüp çykdy. Şondan soň onuň teni ýaş oglanyň teni ýaly bolup, ol keselinden saplandy we tämiz boldy.


Emma Hudaý seni baky heläklär, seni tutup, çadyryňdan çekip çykarar, ýaşaýyş topragyndan köküňi sograr. Sela


Ol köp milletleri geň galdyrar; patyşalar onuň ýanynda agzyny ýumarlar; çünki olar öň aýdylmadyk zady görüp, eşitmedik zatlaryna düşünerler.


Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.


Jenaýatçylygy ýok edip, günäleriň soňuna çykmak üçin, etmişlerden saplanmak we ebedi dogruçyllygy berkarar etmek üçin, weliligi hem pygamberligi möhürlemek we iň mukaddesi seçip-saýlamak üçin seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýediýyllyk ýetmiş möhlet karar edildi.


Ruhany ony gözden geçirsin. Eger ýaranyň içinde gögeren gyp-gyzyl et agaran bolsa, ruhany deri kesellini tämiz diýip yglan etsin. Ol tämizdir.


Onsoň kedr agajynyň bölegini, käkiligi, goýy gyzyl reňkli ýüpi diri guş bilen bilelikde alyp, olary çeşme suwly toýun gabynyň üstünde öldürilen guşuň ganyna batyrsyn-da, gany ýedi gezek öýüň içine sepelesin.


Soňra ol öküzçäniň ganyndan alyp, ony barmagy bilen Äht sandygynyň gapagynyň üstüne we Äht sandygynyň öňüne ýedi gezek sepelesin.


Ol barmaklary bilen ýedi sapar gurbanlyk sypasynyň üstüne gan sepeläp, ony ysraýyl halkynyň haramlyklaryndan tämizläp, mukaddes etsin.


Erkeç olaryň ähli ýazyklaryny göterip, adam aýagy sekmedik bir ýere äkider. Ýaňky bellenen adam erkeji boşadyp çöle ibersin.


Onsoň baş ruhany barmagyny gana batyryp, ony ýedi gezek Rebbiň huzuryna – iň mukaddes otagyň öňüne sepelesin.


Baş ruhany gana barmagyny batyryp, Rebbiň huzuryna – iň mukaddes otagyň tutusynyň öňüne gany ýedi gezek sepelesin.


Ýagdan ýedi sapar gurbanlyk sypasynyň üstüne sepeläp, ol gurbanlyk sypasyny, onuň ähli enjamlaryny, legeni we onuň sütünini mukaddes etdi.


Rehimi iner Onuň bize ýene-de. Etmişlerimizi aýak astyna atar. Ähli günälerimizi deňziň düýbüne taşlarsyň.


Üçünji we ýedinji günlerde ol özüni tämizlik suwy bilen tämizlesin, şonda ol tämizlener. Emma ol özüni üçünji we ýedinji günlerde tämizlemese, tämiz bolmaz.


Muňa garamazdan, esgerleriň biri naýza bilen Onuň böwrüni dildi, şobada ondan gan bilen suw çogduryldy.


Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.


Siz täze ähtiň Binýatçysy Isanyň huzuryna geldiňiz. Habylyň öç almaga gygyrýan ganyna däl-de, eýsem günälerimizi ýuwmak üçin sepilen Isanyň ganyna ýakynlaşdyňyz.


Öňler erkeçleriň we öküzleriň ganyny hem-de ýakylan göläniň külüni murdar adamlaryň üstüne sepip, olary tämizlärdiler.


Musa Kanunyň ähli buýrugyny tutuş halka yglan etdi. Soňra gyrmyzy ýüň hem bir bogdak käkilik oty bilen göleleriň ganyny we suwy Kanun ýazgylarynyň, ähli halkyň üstüne sepip:


Şonuň ýaly hem, Musa çadyryň we sežde etmekde ulanylýan ähli zatlaryň hem üstüne gan seperdi.


Beýle bolsa, Mesih dünýä ýaradylaly bäri öwran-öwran ejir çekmeli bolardy. Muňa derek Ol adamlaryň günälerini ýuwmak üçin Özüni gurban etmek bilen ahyrky döwürde bir gezek geldi.


Siz Atamyz Hudaýyň öňden eden kararyna görä saýlandyňyz we Mukaddes Ruh arkaly mukaddes halk bolduňyz. Hudaý muny siziň Isa Mesihe tabyn bolup, Onuň gany bilen päklenmegiňiz üçin etdi. Goý, Hudaý size boldan-bol merhemet we parahatlyk eçilsin!


Isa Mesih gelende, suwa çümdürildi. Ol biziň üçin ganyny dökdi. Ol diňe suwa çümdüriliş arkaly däl, eýsem döken gany arkaly hem Özüni aýan etdi. Mukaddes Ruh muňa şaýatdyr we Onuň şaýatlygy hakykatdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ