Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 14:46 - Mukaddes Kitap

46 Kimde-kim „öý ýapyk“ diýlip yglan edilen döwürde oňa girse, ol agşama çenli haram saýylsyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

46 Кимде-ким „өй япык“ дийлип ыглан эдилен дөвүрде оңа гирсе, ол агшама ченли харам сайылсын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 14:46
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dört aýakly jandarlaryň arasynda penjesini ýere urup ýöreýänleriniň bary siziň üçin haramdyr. Kimde-kim bu haýwanlaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.


Olaryň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun, ol agşama çenli haram saýylsyn. Çünki bu haýwanlar siziň üçin haramdyr.


Süýreniji jandarlardan şular size haramdyr. Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.


Bularyň biriniň maslygy bir zadyň üstüne gaçsa, şol zat haram bolar. Ol islendik ulanylýan zat: agaç gap bolsun, eginbaş bolsun, deri bolsun, halta bolsun – parhy ýok, olar suwa sokulyp çykarylmalydyr we ol agşama çenli haram saýylmalydyr. Şondan soň ol halal bolar.


Eger halal jandarlaryň biri ölüp, onuň maslygyna galtaşan her kes, agşama çenli haram saýylsyn.


Onuň etinden iýen adam, eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn; onuň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn.


Kimde-kim ol öýde ýatsa ýa-da naharlansa, ol geýimlerini ýuwsun.


Suwuklyk akmasy bar adamyň oturan islendik zadyna galtaşan adam agşama çenli haramdyr. Haram adamyň oturan islendik zadyny göteren geýimlerini ýuwsun, suwa düşsün. Ol agşama çenli haramdyr.


Haram ölen ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etini iýen kişi özüniň ýerli halkdan ýa-da gelmişekdigine garamazdan, geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr we soňra tämiz bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ