Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 14:34 - Mukaddes Kitap

34-35 «Siz Meniň mülk edip berýän Kengan ýurduma baranyňyzdan soň, Men siziň öýleriňiziň birinde zeň döretsem, şol öýüň eýesi ruhanynyň ýanyna gelip: „Öýümde zeň peýda boldy“ diýsin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34-35 «Сиз Мениң мүлк эдип берйән Кенган юрдума бараныңыздан соң, Мен сизиң өйлериңизиң биринде зең дөретсем, шол өйүң эеси руханының янына гелип: „Өйүмде зең пейда болды“ дийсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 14:34
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.


Bar, özüňe beriljek topraga boýdan-başa aýlanyp çyk. Men ony saňa berjek».


Häzirki gelmişek bolup ýaşap ýören ýeriň bolan Kengan ýurduny tutuşlygyna Men saňa hem-de nesliňe ebedilik mülk edip bererin. Men olaryň Hudaýy bolaryn».


Reb şeýle diýdi: «Eger-de siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne dykgat bilen gulak goýup, Onuň nazarynda dogry hasap edýän işlerini etseňiz, Onuň buýruklaryna boýun bolup, buýran ähli parzlaryny ýerine ýetirseňiz, onda Men müsürlileriň başyndan inderen apatlarymyň hiç birini siziň başyňyza salmaryn. Çünki Men size şypa berýän Rebdirin».


Reb erbetleriň öýüni näletleýär, dogruçyllaryň ýurduny bolsa ýalkaýar.


Nury, garaňkylygy ýaradýan Mendirin, abadançylygy, betbagtçylygy getirýän-de Mendirin; bularyň hemmesini Men – Reb edýändirin.


Emma Men size şeýle diýdim: ‘Olaryň ýurduny siz miras alarsyňyz, Men süýt we bal akýan, mes toprakly ýurdy size mülk edip bererin’. Sizi beýleki milletlerden saýlap alan Hudaýyňyz Reb Mendirin.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Size berjek ýurduma baryp, onuň hasylyny ýygnan mahalyňyz, ilkinji hasyl desselerini ruhana getirip beriň.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Meniň size berýän ýurduma baranyňyzda, siz Rebbiň hormatyna her ýedinji ýyl ýere ekin ekmän dynç beriň.


Şäherde surnaý çalnar-da, halkda gorky bolmazmy? Rebbiň Özi indermese, şähere bela gelermi?


Ine, Reb şeýle buýurýar: «Uly jaýlar toza, kiçi jaýlar küle dönsün.


Reb gala seslenýär, (Seniň adyňdan gorkmak danalykdyr). Ol diýýär: «Eý, halk we gala jemagaty, diňläň!


Men ony ýolladym. Ol ogrynyň hem-de Meniň adymdan ýalandan ant içýäniň öýüne girer we şol öýde-de galar; agaç-tagtasydyr daşlary bilen bile öýi ýuwudar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr».


we ýurt Rebbe tabyn bolsa, ondan soň siz yzyňyza dolanyp bilersiňiz. Bu siziň Rebbiň we Ysraýylyň öňündäki borçlaryňyzy ýerine ýetirdigiňiz bolar we bu ülke Rebbiň huzurynda siziň mülküňiz bolar.


Biz gaýduwsyz esgerler hökmünde Rebbiň huzurynda derýadan geçip, Kengan ýurduna gireris, ýöne bize miras düşen mülkümiz, goý, Iordanyň şu gündogar gapdaly bolsun».


«Ysraýyllara aýt, Iordan derýasyndan geçip, Kengan topragyna gireniňizde,


Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň size eýelemäge beren ýurdunda bütin ömrüňiziň dowamynda yhlas bilen berjaý etmeli parzlaryňyz we hökümleriňiz şulardyr:


Hudaýyňyz Reb size berjek ýurdunyň halklaryny ýok edende, siz olary kowup çykaryp, olaryň galalarynda we öýlerinde ornaşanyňyzda,


Hudaýyňyz Rebbiň mülk edip berýän ýurduna gelip, ol ýerde ornaşanyňyzda,


Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň söz berşi ýaly, Iordandan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň berýän süýt we bal akýan ýurduna gireniňizde, bu Kanunyň ähli sözlerini daşlaryň ýüzüne ýazyň.


«Mowap ýurdundaky Ýerihonyň garşysyndaky Abarym daglarynyň biri bolan Nebo dagyna çyk. Ysraýyllara mülk edilip beriljek Kengan ýurduny gör.


Reb sizi her hili kesellerden gorar. Müsürde gören ähli aýylganç keselleriňiz size ýokuşmaz. Olary sizi ýigrenýänlere ýokuşdyrar.


Ýeşuwa garrap, gojalyk ýaşyna ýetende, Reb oňa şeýle diýdi: «Indi sen örän garradyň, emma basylyp alynmaly ýerler entek gaty kän.


Öldürýänem Rebdir, direldýänem Rebdir. Ölüler dünýäsine inderýänem, çykarýanam Rebdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ