Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 14:3 - Mukaddes Kitap

3-4 Ruhany düşelgäniň daşyna çykyp, deri kesellini gözden geçirsin. Eger deri keselli adam keselden gutulan bolsa, ruhany tämizlenmeli adam üçin iki sany diri halal guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy gyzyl reňkli sapagy we käkilik oty getirmeklerini buýursyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3-4 Руханы дүшелгәниң дашына чыкып, дери кеселлини гөзден гечирсин. Эгер дери кеселли адам кеселден гутулан болса, руханы тәмизленмели адам үчин ики саны дири халал гушы, кедр агаҗының бөлегини, гойы гызыл реңкли сапагы ве кәкилик оты гетирмеклерини буюрсын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 14:3
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Nagaman gidip, Hudaýyň adamynyň aýdyşy ýaly ýedi gezek Iordan derýasyna çümüp çykdy. Şondan soň onuň teni ýaş oglanyň teni ýaly bolup, ol keselinden saplandy we tämiz boldy.


Bir gün şol gyzjagaz bikesine: «Wah, meniň jenabym Samariýa şäherindäki pygamberiň ýanyna gitsedi! Ol Nagamanyň deri keselini bejererdi» diýdi.


Çünki ýaralaýan-da Ol, saraýan-da Ol, şikes ýetirýän-de Ol, şypa berýän-de Ol.


Reb şeýle diýdi: «Eger-de siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne dykgat bilen gulak goýup, Onuň nazarynda dogry hasap edýän işlerini etseňiz, Onuň buýruklaryna boýun bolup, buýran ähli parzlaryny ýerine ýetirseňiz, onda Men müsürlileriň başyndan inderen apatlarymyň hiç birini siziň başyňyza salmaryn. Çünki Men size şypa berýän Rebdirin».


«Eger kimdir biriniň derisinde pakgarma, gotur ýa-da menek peýda bolup, ol deri keseline öwrülse, ol adam ruhany Harunyň ýa-da onuň ogullarynyň biriniň ýanyna getirilsin.


Ýokançly deri keseli aýrylyp gidýänçä, ol haramdyr. Ol ýeke ýaşamalydyr we düşelgäniň daşynda bolmalydyr».


Öý suwalandan soňra ruhany gelip, öýi gözden geçirsin. Eger öýe zeň ýaýramadyk bolsa, ruhany öýi tämiz diýip yglan etsin, çünki bu zeňiň doly aýryldygydyr.


Hassalary sagaldyň, deri kesellileri tämizläň, ölüleri direldiň, arwah-jynlary çykaryň. Mugt aldyňyz, mugt beriň.


Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.


Şeýle hem, Elýaşa pygamberiň döwründe Ysraýylda deri keselli köp adamlar bardy. Emma Elýaşa diňe siriýaly keseki Nagamanyň ýanyna iberildi we ondan başga hiç kim tämiz bolmady».


Şunlukda, Isa habarçylara: «Baryň-da, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň. Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ