Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 14:21 - Mukaddes Kitap

21 Eger ol adam garyp bolup, bu zatlara gurby çatmasa, ol haramlygyndan tämizlenmek üçin, Rebbe göterme sadaka hökmünde bir ýaşar goçy, galla sadakasy üçin zeýtun ýagyna garylan bir batmanyň ondan bir bölegine barabar bolan saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny ol ruhana getirip bersin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Эгер ол адам гарып болуп, бу затлара гурбы чатмаса, ол харамлыгындан тәмизленмек үчин, Реббе гөтерме садака хөкмүнде бир яшар гочы, галла садакасы үчин зейтун ягына гарылан бир батманың ондан бир бөлегине барабар болан сайлама бугдай унуны ве бир шакәсе зейтун ягыны ол рухана гетирип берсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 14:21
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Han-beglerden ýüz görmeýär, baýy garypdan ýokary tutmaýar, çünki hemmeler Onuň eliniň ýaradanydyr.


Garyby ýaňsylaýan Ýaradany kemsidýändir, betbagtlyga şatlanýan bolsa jezasyz galmaz.


Baý bilen garybyň bir meňzeşligi bar, olaryň ikisini-de ýaradan Rebdir.


Öküzçe we goç bilen berilmeli galla sadakasy üçin hersine bir batman bugdaý bersin, guzular bilen berilmeli galla sadakasyny öz göwün islegine görä hödür etsin we her batman üçin dört küýze ýag bersin.


Eger Rebbe ýakma gurbanlyk hökmünde guş hödürlenilýän bolsa, onda siziň gurbanlyk guşuňyz gumry ýa-da kepderi bolsun.


Eger dogran aýalyň tokla gurby çatmasa, onda ol iki gumryny ýa-da iki kepderini – birini ýakma gurbanlygy üçin, beýlekisini günä gurbanlygy üçin getirsin. Ruhany-da ol aýaly hödür eden ýakma gurbanlygy bilen haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol aýal tämiz bolar“».


Sekizlenji gün ol adam iki sany bir ýaşar şikessiz goçy, bir sany şikessiz bir ýaşar guzyny, zeýtun ýagyna garylan ondan üç batmana barabar saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny galla sadakasy hökmünde ruhana getirip bersin.


Şeýle hem ol iki gumrynyň ýa-da iki kepderiniň birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy üçin hödür etsin.


Eger kimdir biri Rebbe adam bermegi wada edip, soňam onuň boşadylmagy üçin tölenmeli bahany töläp bilmese, onda ony ruhanynyň ýanyna getirsinler. Ruhany onuň ýagdaýyna görä baha kessin.


Eger günäliniň iki gumra ýa-da iki kepderä gurby çatmaýan bolsa, onda ol eden günäsi üçin sadaka hökmünde ondan bir batmana barabar saýlama bugdaý ununy getirsin. Onuň üstüne zeýtun ýagy guýulmasyn ýa-da ýakymly ysly tütetgi goýulmasyn, çünki bu günä gurbanlygydyr.


Eger günäliniň goýna gurby çatmaýan bolsa, eden günäsi üçin töleg hökmünde Rebbe iki sany gumry ýa-da iki kepderi getirsin. Olaryň biri günä gurbanlygy, beýlekisi bolsa ýakma gurbanlygy üçindir.


Onsoň Isa şägirtlerine nazaryny dikip, şeýle diýdi: «Eý, garyplar, siz bagtlysyňyz, çünki Hudaýyň Şalygy siziňkidir!


Çünki hemaýat bermek höwesi bar bolsa, Hudaý ynsanyň ýok zadyna görä däl-de, elinde bar bolanyna görä kabul edýändir.


Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýäňiz: Ol baý bolsa-da, siziň hatyraňyz üçin garyp boldy. Isa Mesih muny Özüniň garyplygy arkaly siziň baý bolmagyňyz üçin edipdi.


Reb garyby aýak astyndan göterýär, mätäji serdarlaryň hataryna goşýar, zibilhanadan çykaryp, Reb ony hezzet tagtynda oturdýar, çünki Ýeriň sütünleri Rebbiňkidir, dünýäni şolaryň üstünde bina eden Oldur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ