Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 14:10 - Mukaddes Kitap

10 Sekizlenji gün ol adam iki sany bir ýaşar şikessiz goçy, bir sany şikessiz bir ýaşar guzyny, zeýtun ýagyna garylan ondan üç batmana barabar saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny galla sadakasy hökmünde ruhana getirip bersin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Секизленҗи гүн ол адам ики саны бир яшар шикессиз гочы, бир саны шикессиз бир яшар гузыны, зейтун ягына гарылан ондан үч батмана барабар сайлама бугдай унуны ве бир шакәсе зейтун ягыны галла садакасы хөкмүнде рухана гетирип берсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 14:10
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Birinji tokly bilen bir okara saýlama bugdaý ununa bir küýze zeýtun ýagyny garyp ber. Bir küýze şerap guýup, içgi sadakasy üçin ulanyň.


Dowarlardan alnan janly ýakma gurbanlyk berilýän bolsa, onda bu gurbanlyk janlysy hiç bir şikessiz goç ýa-da erkeç bolsun.


Siz gara maly ýakma gurbanlyk berseňiz, malyňyz şikessiz öküzçe bolsun. Rebbiň bu gurbanlygy siziň adyňyzdan kabul ederi ýaly, siz bu ýakma gurbanlygyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getiriň.


Tämizleýän ruhany tämizlenýän adamy şu zatlar bilen bilelikde Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirsin.


Ruhany guzularyň birini alyp, ýazyk gurbanlygy hökmünde bir şakäse zeýtun ýagy bilen bile, olary Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn.


Ruhany şol bir şakäse zeýtun ýagyndan alyp, ony öz çep eliniň aýasyna guýsun.


Eger ol adam garyp bolup, bu zatlara gurby çatmasa, ol haramlygyndan tämizlenmek üçin, Rebbe göterme sadaka hökmünde bir ýaşar goçy, galla sadakasy üçin zeýtun ýagyna garylan bir batmanyň ondan bir bölegine barabar bolan saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny ol ruhana getirip bersin.


Kimde-kim Rebbe galla sadakasyny bermekçi bolsa, ol sadaka saýlama bugdaý unundan berilsin. Sadaka berýän adam unuň üstüne zeýtun ýagyny guýup, ýakymly ysly tütetgini onuň üstünde goýsun.


Rebbe sadaka berjek çöregiňiz hiç wagt hamyrmaýaly bolmasyn. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka hamyrmaýaly bolmaly däldir ýa-da bal goşulmaly däldir.


Siz berýän galla sadakalaryňyza duz sepiň. Çünki duz Hudaýyňyz bilen baglaşan ähtiňiziň nyşanydyr. Berýän sadakalaryňyzyň hemmesine duz sepiň.


Onuň bilen birlikde zeýtun ýagyna garylan ondan iki batman möçberindäki saýlama bugdaý ununy galla sadakasy hökmünde beriň. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu galla sadakanyň ysy Oňa ýakymlydyr. Hödür edilen içgi hökmünde bir küýze şerap beriň.


Eger günäli kişi günä gurbanlygy üçin guzy bermekçi bolsa, onda ol şikessiz guzy bolsun.


Sekizlenji gün Musa Haruny, onuň ogullaryny we Ysraýyl ýaşulularyny çagyrdy.


Olaryň galla sadakasy zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolsun. Her öküz üçin bir batmanyň ondan üç möçberindäki uny, goç üçin bolsa bir batmanyň ondan iki möçberindäki uny hödür etsinler.


Ol Rebbe öz peşgeşini hödür etsin, birýaşar şikessiz erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde, birýaşar şikessiz urkaçy toklyny günä gurbanlygy hökmünde, şikessiz bir goçy bolsa salamatlyk gurbanlygy hökmünde hödür etsin.


Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.


Soňra Isa oňa: «Ägä bol, muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýdi.


Soňra Isa oňa: «Muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýip buýurdy.


Ertesi güni Ýahýa öz ýanyna gelýän Isany görüp, şeýle diýdi: «Ine, dünýäni günäden saplaýan Hudaýyň Guzusy!


Çünki Hudaýyň çöregi gökden inip, dünýä ýaşaýyş berýändir» diýdi.


Gökden inen diri çörek Mendirin. Mundan iýen adam baky ýaşar. Dünýäniň ýaşaýşy üçin berjek çöregim Meniň Öz bedenimdir».


Tersine, Hudaýyň şikessiz hem tegmiltsiz gurbanlyk Guzusy bolan Mesihiň gymmatly gany arkaly halas edilensiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ