Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 13:6 - Mukaddes Kitap

6 Ýedinji günde ruhany ony ýene gözden geçirsin. Eger deri keseli solup, endama ýaýramadyk bolsa, ruhany deri kesellini tämiz diýip yglan etsin. Bu diňe goturdyr, ol adam geýimlerini ýuwsun we diňe şondan soň ol tämiz bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Единҗи гүнде руханы оны ене гөзден гечирсин. Эгер дери кесели солуп, эндама яйрамадык болса, руханы дери кеселлини тәмиз дийип ыглан этсин. Бу диңе готурдыр, ол адам гейимлерини ювсун ве диңе шондан соң ол тәмиз болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 13:6
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

islendik adam ýa-da ysraýyl halky tarapyndan nähili dilegdir ýalbaryş edilen bolsa, her kes öz ýürek derdini bilip, şu öýe tarap ellerini gerse,


gökde olaryň dileglerini, ýalbaryşlaryny eşidip, olara duşmanlarynyň üstünden ýeňiş ber.


«Ýüregimi tämizledim, günäden päklendim» diýip, kim aýdyp biler?


Dogrusy, ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok.


Ýenjilen gamşy döwmez, tüteýän peltäni söndürmez, sadyklyk bilen adalat getirer.


Kimde-kim bularyň maslygynyň islendik bölegini göterse, ol eşiklerini ýuwsun we agşama çenli haram saýylsyn.


Olaryň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun, ol agşama çenli haram saýylsyn. Çünki bu haýwanlar siziň üçin haramdyr.


Onuň etinden iýen adam, eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn; onuň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn.


«Eger kimdir biriniň derisinde pakgarma, gotur ýa-da menek peýda bolup, ol deri keseline öwrülse, ol adam ruhany Harunyň ýa-da onuň ogullarynyň biriniň ýanyna getirilsin.


Ýedinji gün ruhany deri kesellini gözden geçirsin. Eger deri keseli endama ýaýraman, öňküligine galan bolsa, onda ruhany deri kesellini ýene-de ýedi günläp aýry saklasyn.


Ýöne deri keselli adam tämizlenmek üçin özüni ruhana görkezenden soň, gotur onuň endamyna ýaýrap ugrasa, ol ýene-de ruhanynyň ýanyna gelsin.


Tämizlenmeli adam geýimlerini ýuwup, endamyndaky ähli tüýlerini syryp ýuwunsyn. Şonda ol tämiz bolar. Soňra ol düşelgä girsin, ýöne ýedi gün geçýänçä, öz çadyryna girmesin.


Imany gowşagy onuň garaýyşlary barada jedelleşmezden kabul ediň.


Eý, söýgüli doganlarym, Hudaý bize, ine, şeýle wadalary beripdir! Şonuň üçin-de, geliň, bedenimizi we ruhumyzy murdar edýän ähli zatdan tämizläliň. Hudaýdan gorkup, bütinleý mukaddes bolmaga ymtylalyň.


Bu azgyn hem ters nesil Oňa hyýanat etdi. Ýazygyňyz sebäpli indi siz Onuň çagalary dälsiňiz.


Şoňa görä, çyn ýürekden we berk ynam bilen Hudaýa ýakynlaşalyň. Mesih kalbymyzy Öz gany bilen päkläp, bizi wyždan ýazygyndan azat etdi we bedenimizi arassa suw bilen ýuwdy.


Muňa diňe beden bilen bagly bolan iýip-içmek we dürli päkleniş parzlary girýär. Bularyň hemmesi täze düzgün ornaşdyrylýança ýerine ýetirilýärdi.


Biziň hemmämiz hem köp günä edýäris. Emma sözünde hata goýbermän, dilini jylawlap bilýän adam kämil bolup, tutuş bedenine gözegçilik edip bilýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ