Elýaşa ol ýerden Beýtele gitdi. Ol gidip barýarka, galadan ýaş oglanlar çykyp, ony masgaralap: «Heý, kel, güm bol şu ýerden! Heý, kel, güm bol şu ýerden!» diýip gygyryşdylar.
Dibon halky aglamak üçin ybadathana, seždegählere çykýar; Mowap halky Nebo, Meýdeba üçin perýat edýär. Her kesiň başy takyrlanýar, her kesiň sakgaly syrylýar.
Men siziň baýramyňyzy ýasa, aýdymlaryňyzy ahy-nala öwrerin. Her bile jul guşagyny guşadaryn, her başyň saçyny syrdyraryn. Şol güni ýalňyz ogluň ýas güni kimin ederin, onuň soňuny ajylyk bilen gutararyn».
Siziň ynsan ejizligiňizi nazara alyp, size sada sözler bilen aýdýaryn: siz ozal beden agzalaryňyzy haramlyga we gitdigisaýy artýan bikanunlyga tabşyrypdyňyz. Indi bolsa beden agzalaryňyzy halal ýaşaýşa eltýän dogrulyga tabşyryň.
Eger Isa Mesih kalbyňyzda mesgen tutan bolsa, onda günä zerarly ölmeli bolsaňyz-da, Mukaddes Ruh size ýaşaýyş berer, sebäbi siz Hudaýyň huzurynda aklanansyňyz.