Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 13:2 - Mukaddes Kitap

2 «Eger kimdir biriniň derisinde pakgarma, gotur ýa-da menek peýda bolup, ol deri keseline öwrülse, ol adam ruhany Harunyň ýa-da onuň ogullarynyň biriniň ýanyna getirilsin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 «Эгер кимдир бириниң дерисинде пакгарма, готур я-да менек пейда болуп, ол дери кеселине өврүлсе, ол адам руханы Харуның я-да онуң огулларының бириниң янына гетирилсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 13:2
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Günä, goý, Ýowabyň hem onuň nesliniň boýnuna düşsün. Ýowabyň nesliniň arasynda iriň ýygnaýan ýaraly, pis açan ýa-da goltugy pişekli, gylyçdan ölýän ýa-da nana zar adamlar, goý, hemişe bolsun dursun» diýdi.


Siriýa patyşasynyň Nagaman atly bir serkerdesi bardy. Ol jenabynyň öňünde iň abraýly hem-de iň uly hormata eýe bolan adamdy, çünki Reb Nagamanyň üsti bilen Siriýa ýeňiş beripdi. Bu batyr ýigit ýokançly deri keselinden ejir çekýärdi.


Şonuň üçin hem Nagamanyň deri keseli senden we seniň nesliňden hiç haçan aýrylmasyn» diýdi. Şeýdip, Geýhazy gar ýaly duw-ak deri keseli bilen Elýaşanyň ýanyndan çykyp gaýtdy.


Depäňizden dabanyňyza çenli sagat ýeriňiz ýok, gan öýmelerdir, ýaralar, gany akyp duran ýaralar. Olar arassalanmadyk, saralmadyk, ýag bilen ýumşadylmadyk.


Şonuň üçin Taňry Sion gyzlarynyň kellesini kel eder, Reb maňlaýlaryny takyradar.


Ruhany onuň endamyndaky deri keselini barlasyn. Eger deriniň keselli ýeriniň gyllary agaryp, ol deriden aşak geçen bolsa, onda bu deri keselidir. Ruhany deri kesellini gözden geçirenden soň, ony haram diýip yglan etsin.


Ruhany ony ýene-de gözden geçirsin. Eger gotur onuň endamyna ýaýran bolsa, ruhany deri kesellini haram diýip yglan etsin. Bu deri keselidir.


Ruhany düşelgäniň daşyna çykyp, deri kesellini gözden geçirsin. Eger deri keselli adam keselden gutulan bolsa, ruhany tämizlenmeli adam üçin iki sany diri halal guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy gyzyl reňkli sapagy we käkilik oty getirmeklerini buýursyn.


Ruhanynyň sözleri bilimi goramalydyr. Ol Hökmürowan Rebbiň wekilidir, ynsanlar onuň agzyndan öwüt-ündew gözlemelidir.


Bulut çadyryň depesinden syrylanda, Merýem deri keseline uçrap, ak gar ýaly pis açdy. Harun Merýeme tarap seredip, onuň deri keseline uçrandygyny gördi.


Merýemiň bedeni ýarysy çüýrän halda eneden öli doglan çaganyňka meňzemesin» diýdi.


Soňra Isa oňa: «Ägä bol, muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýdi.


Isa olary görüp: «Baryň, ruhanylara görnüň» diýdi. Olar ýoldakalar keselden saplandy.


Soňra Isa oňa: «Muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýip buýurdy.


Deri keselinden gaty ägä boluň. Meniň lewi ruhanylaryna buýruşym ýaly, olaryň size öwredýän her bir zadyny üns bilen ýerine ýetiriň.


Reb size Müsürde görkezen başly ýaralar bilen: örgün, iriňli ýaralar we gijilewük bilen ejir çekdirer. Siz olardan saplanyp bilmersiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ