Eger dogran aýalyň tokla gurby çatmasa, onda ol iki gumryny ýa-da iki kepderini – birini ýakma gurbanlygy üçin, beýlekisini günä gurbanlygy üçin getirsin. Ruhany-da ol aýaly hödür eden ýakma gurbanlygy bilen haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol aýal tämiz bolar“».
«Eger kimdir biriniň derisinde pakgarma, gotur ýa-da menek peýda bolup, ol deri keseline öwrülse, ol adam ruhany Harunyň ýa-da onuň ogullarynyň biriniň ýanyna getirilsin.
Isa şäherleriň birindekä, elhenç deri keseline ýolugan bir adam Onuň ýanyna geldi. Ol Isany görende, dyzyna çöküp, Oňa: «Eý, Agam! Eger isleseň, meni bu keselden tämizläp bilersiň» diýip ýalbardy.