Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 12:8 - Mukaddes Kitap

8 Eger dogran aýalyň tokla gurby çatmasa, onda ol iki gumryny ýa-da iki kepderini – birini ýakma gurbanlygy üçin, beýlekisini günä gurbanlygy üçin getirsin. Ruhany-da ol aýaly hödür eden ýakma gurbanlygy bilen haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol aýal tämiz bolar“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Эгер догран аялың токла гурбы чатмаса, онда ол ики гумрыны я-да ики кепдерини – бирини якма гурбанлыгы үчин, бейлекисини гүнә гурбанлыгы үчин гетирсин. Руханы-да ол аялы хөдүр эден якма гурбанлыгы билен харамлыгындан тәмизлесин. Шондан соң ол аял тәмиз болар“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 12:8
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eger Rebbe ýakma gurbanlyk hökmünde guş hödürlenilýän bolsa, onda siziň gurbanlyk guşuňyz gumry ýa-da kepderi bolsun.


Ruhany bu ýakma gurbanlyk janlysyny Rebbiň huzurynda hödür edip, ol aýaly haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol aýal gan akma haramlygyndan tämizlener. Ogul ýa-da gyz dograndygyna garamazdan, çaga dogran aýal üçin kanun şeýledir.


Eger ol adam garyp bolup, bu zatlara gurby çatmasa, ol haramlygyndan tämizlenmek üçin, Rebbe göterme sadaka hökmünde bir ýaşar goçy, galla sadakasy üçin zeýtun ýagyna garylan bir batmanyň ondan bir bölegine barabar bolan saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny ol ruhana getirip bersin.


Şeýle hem ol iki gumrynyň ýa-da iki kepderiniň birini günä gurbanlygy, beýlekisini ýakma gurbanlygy üçin hödür etsin.


Sekizlenji gün ol iki sany gumryny ýa-da iki kepderini Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirip, olary ruhana bersin.


Ruhany guşlaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa, ýakma gurbanlygy üçin hödür etsin. Şeýdip, Rebbiň huzurynda ruhany ol adamy suwuklyk akmasy zerarly bolan haramlykdan tämizlesin.


Sekizinji gün ol iki sany gumryny ýa-da iki kepderini alyp, Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirip, olary ruhana bersin.


Erkejiň bar ýagyny ruhany edil salamatlyk gurbanlygynyňky ýaly edip, gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen erkeç bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Eger günäliniň iki gumra ýa-da iki kepderä gurby çatmaýan bolsa, onda ol eden günäsi üçin sadaka hökmünde ondan bir batmana barabar saýlama bugdaý ununy getirsin. Onuň üstüne zeýtun ýagy guýulmasyn ýa-da ýakymly ysly tütetgi goýulmasyn, çünki bu günä gurbanlygydyr.


Eger günäliniň goýna gurby çatmaýan bolsa, eden günäsi üçin töleg hökmünde Rebbe iki sany gumry ýa-da iki kepderi getirsin. Olaryň biri günä gurbanlygy, beýlekisi bolsa ýakma gurbanlygy üçindir.


Isa ybadathananyň howlusyna girip, ol ýerdäki satyjylary, alyjylary kowdy. Ol pul çalyşýanlaryň tekjelerini, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny düňderdi.


Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýäňiz: Ol baý bolsa-da, siziň hatyraňyz üçin garyp boldy. Isa Mesih muny Özüniň garyplygy arkaly siziň baý bolmagyňyz üçin edipdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ